Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýedäki türkmenler ildeşiniň janyna kast etdi


Türkiýedäki türkmenler ildeşiniň janyna kast etdi
Türkiýedäki türkmenler ildeşiniň janyna kast etdi

Stambulda bir türkmen migrantyň janyna kast eden iki sany Türkmenistanyň raýaty ýurtdan gaçmaga synanşyk eden mahaly, türk polisi tarapyndan göz astyna alnypdyr.

Türkiýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýaýran maglumata görä, Stambulyň Esenşehir mähellesiniň Kürkçüler şaýolunyň ugrynda ýerleşýän bir jaýda, Türkmenistanyň raýatlary öýli-işikli iki çaganyň atasy Döwletgeldi Mehimow (37), Guwanç Atahanow (25) we Şamyrat Babaýew (19) sagat 04:00 bolýança bile oturyp, alkogolly içgi içipdirler.

Myhmanlaryň Mehimowyň telefonyny alyp, içindäki suratlary görmek islemegi bilen olaryň arasynda uruş turupdyr. Netijede, olar Döwletgeldi Mehimowyň damagyny çalyp öldüripdirler.

Telefonyň üsti bilen adamsyndan habar alyp bilmeýän Döwletgeldi Mehimowyň aýaly aladalanyp öýüne gelen mahaly bosagadaky ganyň yzlaryny görüp, bar güýji bilen gygyryp, adamlary kömege çagyrypdyr. Wakanyň bolan ýerine ätiýaçdan köpsanly polis bilen tiz kömek ulagy barypdyr.

Türk polisleri açylmaýan gapyny döwüp, içerik giren mahaly 37 ýaşyndaky Türkmenistanyň raýaty Döwletgeldi Mehimowyň damagy çalynan jesedine gözi düşüpdir. Wakanyň bolan ýeri derňew üçin gözegçilik astyna alnyp, türkmen raýatynyň jesedi hem Stambulyň Ümraniýe ylmy-barlag hassahanasynyň morguna iberilipdir.

Türk polisi tanyş-bilişleriň we goňşylaryň kömegi bilen öýde myhmançylykda bolanlaryň kimdigini takyklap, dessine jenaýat gözleg-agtaryş işini başladypdyr we olaryň ýerli wagt bilen sagat 21:55-de Aşgabada uçjak Türk howaýollarynyň uçaryna bilet alandygy barasynda maglumat edinipdir.

Jenaýatda aýyplanýan iki türkmen raýaty uçara garaşýan mahaly üns çekmez ýaly tapawutly ýerde oturyp, birek-biregi bilen nätanyş ýaly hereket edipdirler. Olar, şeýlelikde Stambulyň Atatürk adyndaky aeroportynda aýratynlykda ýurtdan gaçmaga synanyşan mahaly polisiň gurnan operasiýasy bilen ele salnypdyr. Jenaýatda aýyplanýanlar aeroportdaky resmi işleri tamamlanandan soň sorag üçin, polis merkezine äkidilipdir.

"Türkmenistanly raýatlaryň gatnaşmagynda bolýan jenaýatlar köpelýär"

Ol türkmen raýatlary sorag mahalynda jenaýat edendiklerini boýun alypdyrlar we aşa serhoş ýagdaýda telefon üçin ýüze çykan urşuň muňa sebäp bolandygyny aýdypdyrlar.

Azatlyk Radiosy bilen howpsuzlyk sebäpli adynyň agzalmagyny islemän gürrüňdeş bolan bir türk howpsuzlyk işgäriniň aýtmagyna görä, türkmenistanly raýatlaryň gatnaşmagynda bolýan jenaýatlar soňky wagtlarda Türkiýede hasam ýygjamlaşýar. Şeýle ýagdaýa diňe bir migrantlaryň arasynda däl, eýsem türkmen studentleriniň arasynda-da duş gelinýändigini ýatladan howpsuzlyk işgäri, golaýda Türkiýäniň Samsun şäherinde öz ildeşini pyçaklan bir türkmen talybynyň hem tussag edilendigini gürrüň berdi.

Aýdylýan waka Samsunyň Ilkadym etrabynyň Kalkanja mähellesinde bolup geçipdir. Samsunyň 19-njy maý adyndaky uniwersitetiniň hünärmenlik (inženerlik) bölüminde okaýan Türkmenistanyň raýaty S.A-ny (21) boýnundan we çep eliniň bileginden pyçaklan bile tirkeşýän türkmen studenti S.K (21) Samsun polisiniň jenaýata garşy göreş bölümi tarapyndan tutulyp, göz astyna alnypdyr.

Ýaraly türkmen studenti bolsa saglygyny bejertmegi üçin, Samsunyň ylmy-barlag hassahanasyna äkidilipdir. Jenaýatda aýyplanýan Türkmenistanyň raýaty S.K-nyň polisdäki soragy tamamlanandan soň, onuň işine garan kazyýet jenaýatkäriň tussag edilmegi barasynda karara gelipdir we ol Samsunyň ýapyk tussaghanasyna iberilipdir.

XS
SM
MD
LG