Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: nas üçin gynalan we tussag edilen


Hudaýberdi Allaşow

Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň ýene bir habarçysy gözenegiň aňyrsyna gabaldy.

Hudaýberdi Allaşowyň maglumatlary Türkmenistanyň demirgazyk welaýaty – Daşoguzda bolup geçýän zatlara ýagty salýardy. Onuň makalalary türkmen hökümetiniň öňe sürýän zatlaryna elmydama deň hem gelip duranokdy.

3-nji dekabr güni polisiýa Allaşowyň öýüne kürsäp girip, Allaşowy ýenjip; hem ony, hem-de onuň ejesi bilen aýalyny tussag edýär.

Oňa nasy saklamakda aýyplama bildirilýär.

Men bu ýerde şu nas barada gürrüň etmekçi.

Kimde-kim Merkezi Aziýa sebitine baryp gören bolsa, ol hökman nas bilen ýüzbe-ýüz bolandyr; oňa her ädimiňde diýen ýaly duşsa bolýar. Nasy her kim bolmasa-da, regionyň aglaba adamlary atýar. Men nas atýan aýallara hem duş gelipdim. Köçelerde eli naskädili adamlar diýseň köp.

Merkezi Aziýada palawdan soň has köp nasyň gürrüňi edilýän bolaýmasa. Nas atýan her bir adamyň iň gowy nasy tapyp bolýan aýratyn bir ýeri bardyr.

Men 1990-njy ýyllarda Özbegistanyň Daşkent şäherinde okaýan wagtym, nasyň gadagan bolup biljekdigi barada pikir hem edilmeýärdi. Aslynda nas, nas atýan bilen hiç kimiň işi ýok diýen ýalydy.

Gyrgyzystanyň Oş şäheriniň bazarynda nas satylýar.
Gyrgyzystanyň Oş şäheriniň bazarynda nas satylýar.

Soňra Merkezi Aziýa sebitine syýahat edip başlanymda, nasy regionyň islendik ýerinde – Kaspiden tä Hytaýa çenli aralykdaky – bazarlarynda satyn alsa bolýandygyna göz ýetirdim.

Men nasy özüm hem atyp gördüm. Syýahatda wagtym meniň bir durmuşy pelsepäm bar: men baran ýerimiň adamlary ýaly ýaşamaga, olaryň gündelik durmuşlaryna gatnaşmaga çalyşýaryn.

Dogrusy, nas maňa onçakly ýaramady. Ilkinji sapar ony dilimiň aşagyna goýanymda, bir salym meniň başym aýlanypdy.

Soňky ýyllarda käbir, şol sanda Russiýanyň hökümeti hem nasyň satuwyny gadagan etdi. Emma gadagançylyga garamazdan, ýöriteläp naskeşleri yzarlap ýörenler göze ilmeýärdi.

Ine, indi gepimiziň şu ýerinde ýene Hudaýberdi Allaşowyň ykbalyndan habar alalyň. Ol we onuň ejesi 11 kilogram nasy saklamakda aýyplandylar. Polisiýa Allaşowyň aýalyna onuň ýedi ýyl türme tussaglygyna çenli höküm edilmeginiň mümkindigini aýtdy. Emma Türkmenistandan gowuşýan maglumata görä, nas bilen ilkinji gezek tutulan adama jerime salynýar, ikinji gezek tutulan halatynda hem bir ýyla çenli türme tussaglygy berilýär.

Men ozalky makalalarymda hem muny ençeme gezek nygtap geçipdim, ýene bir gezek belläsim gelýär: Türkmenistan durnuksyz bir döwlet. Eger-de bir adam tutuş Merkezi Aziýa sebitinde giňden ýaýran, hatda sowet häkimiýetiniň hem gadagan etmedik nasy üçin ýedi ýyl tussaglyga höküm edilip bilinýän bolsa, bu hökümetiň agyr ýagdaýdadygyny görkezýär.

Türkmenistanyň puly gutaryp barýar, azyklary gitdigiçe tükenýär, işsizligiň derejesi ýokarlanýar... Bulara garamazdan, türkmen emeldarlary häli-şindi hem “Altyn Asyr” barada agyz dolduryp, döşlerini ýumruklaýarlar.

-- Makaladaky öňe sürülen pikirler awtoryň öz şahsy garaýyşydyr.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG