Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG-de Hudaýberdi Allaşowyň ykbalyna ýiti alada bildirildi


Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Hudaýberdi Allaşow
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Hudaýberdi Allaşow

Merkezi Aziýanyň mediasy boýunça 18-nji halkara konferensiýasynda Türkmenistanda tussag edilen Azatlyk Radiosynyň habarçysy Hudaýberdi Allaşowyň ykbalyna aýratyn üns berildi.

ÝHHG-niň Media azatlygy boýunça edarasynda 13-14-nji dekabrda Wenada geçirilen bu halkara duşuşygynda regionda metbugat azatlygyna abanýan howplar barada jikme-jik diskussiýa edildi.

Konferensiýada çykyş edenleriň birnäçesi 3-nji dekabrda tussag edilen Azatlyk Radiosynyň habarçysy Hudaýberdi Allaşowyň ykbalyna aýratyn üns bermäge çagyrdylar.

Merkezi Aziýa regiony boýunça maglumatlary çap edýän Fergana.ru neşriň baş redaktory Daniil Kislow şeýle diýdi: “Reportýor Hudaýberdi Allaşowyň we onuň bilen bilelikde birnäçe garyndaşynyň tussag edilmegi Türkmenistanda kollektiwleýin jezanyň ulanylýandygyny aýtmaga esas berýär. Ýagny häkimiýetler göwnünden turmaýan adamyň hossarlaryny jeza çekdirýärler, gynamalara sezewar edýär”.

Azatlyk Radiosynda Mekan Täşliýew lakamy bilen çykyş eden žurnalist Hudaýberdi Allaşow 3-nji dekabrda Köneürgenç şäherinde howpsuzlyk gulluklary tarapyndan öz öýünden äkidilipdi. Şaýatlar onuň polisiýada aýylganç urlup-ýenjilendigini we gynamalara sezewar edilendigini habar berdiler.

Allaşow bilen bilelikde onuň ejesi Arazmädowa Gurbantäç hem tussag edildi. 6-njy dekabrda polisiýa žurnalistiň hem aýalyny urup-ýençdi.

Şondan soň tutuş maşgalanyň ykbaly nämälim galýar.

Azatlyk Radiosyna gowşan maglumata görä, türkmen resmileri 27 ýaşly Allaşowa 11 kilogram nasy saklamakda günä bildiripdir.

ÝHHG-niň Media azatlygy boýunça edarasynda geçirilen diskussiýanyň dowamynda, Merkezi Aziýada söz we pikir azatlygyna edilýän basyşlar barada gürrüň edildi.

Daniil Kislow Türkmenistanda garaşsyz žurnalistleriň ýagdaýynyň tutuş region boýunça iň agyrdygyny belledi: “Türkmenistanda ýagdaý has agyr. Bu ýerde uzak wagtyň dowamynda garaşsyz media bolmandy, žurnalistler uly basyş astynda işleýärdi. Emma, şonda-da ýurtda daşary ýurtly habar serişdeleriň habarçylary resmi bolmadyk görnüşde bolsa-da işleýärdi. Soňky döwürde türkmen häkimiýetleri Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanda işleýän habarçylaryna garşy, “Türkmenistanyň Alternatiw Täzelikleri” we “Türkmenistanyň Hronikasy” neşirleriniň habarçylaryna garşy öz gahar-gazabyny gönükdirdiler. Türkmenistanda tussag edilen garaşsyz žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýewiň ykbaly bir ýyl bäri nämälim galýar. Soňky bir aýyň dowamynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa üç gezek hüjüm edildi, onuň telefonlary, interneti öçürildi”.

Media azatlygy boýunça halkara konferensiýasyna hökümet resmileriniň, habar beriş serişdeleriniň we halkara bilermenleriniň ençemesiniň gatnaşandygy habar berildi.

XS
SM
MD
LG