Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Berdimuhamedow prezidentlige kandidatlyga hödürlendi


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Demokratik partiýasynyň ýygnagynda geljek ýyl geçiriljek prezident saýlawlaryna kandidatlyga hödürlendi.

Türkmenistanyň nobatdaky prezident saýlawy 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilýär.

Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar saýlaw möwsüminiň 2016-njy ýylyň 24-nji oktýabrynda başlanýandygyny habar beripdi we häzir, kanunçylyga laýyklykda,ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleri hödürlemek başlandy diýip, türkmen mediasynyň habarynda aýdylýar.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen ýygnagynda prezident Berdimuhamedowy prezidentlige kandidat hödürlemek teklibi biragyzdan kabul edildi.

Resmi habara görä, ýygnakda çykyş edenler Berdimuhamedowyň «görnükli ýolbaşçylyk we guramaçylyk aýratynlyklaryny, milli ösüş maksatnamalaryny amala aşyrmakda bitiren ägirt uly hyzmatlaryny we bu babatda ýetilen belent sepgitleri, döwlet işinde toplan uly tejribesini, pikir ýöretmegiň strategik nusgasyny» belläpdirler.

Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylyň başynda, ozalky «ömürlik prezident» S.Nyýazow aradan çykandan soň prezident saýlandy we häzir öz ikinji möhlet prezidentligini tamamlaýar.

Nobatdaky prezident saýlawlarynyň öňünden ýurduň Konstitusiýasynyň «rejelenen görnüşi» kabul edildi we prezidentlik möhleti bäş ýyldan ýedi ýyla çenli uzaldyldy. Şeýle-de kanunda prezidentlige hödürlemegiň ýaş çäklendirmesi, ýagny 70 ýaş diýip bellenilen aňry çägi aýryldy.

Demokratik partiýanyň maslahatyna gatnaşyjylar ýygnagyň soňunda türkmen halkyna Ýüzlenme kabul etdiler we saýlawçylary döwlet baştutanyny saýlamaga işjeň gatnaşmaga çagyrdylar.

Türkmenistanyň prezidentligine kandidatlary hödürlemek dowam edýär we 15-nji dekabrda Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, 17-nji dekabrda bolsa Agrar partiýadan prezidentlige hödürlenen kandidatlaryň atlarynyň belli boljakdygy aýdylýar.

Aýdylmagyna görä, häzir «teklipçi toparlar, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, gol ýygnamak bilen meşgullanýarlar».

Şeýle-de, 24-nji dekabrda kandidatlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyşlarynyň we saýlawçylar bilen duşuşyklarynyň başlanjakdygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG