Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ekspert saýlawlarda Berdimuhamedowyň 'ýeňjegini' çaklaýar


Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy çarşenbe güni iş başyndaky prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurduň döwlet baştutanynyň wezipesine ýene bir gezek kandidatlyga hödürledi.

Türkmen mediasy 2017-nji ýylyň 12-nji fewralyna bellenen prezident saýlawlarynyň alternatiw kandidatlaryň gatnaşmagynda geçiriljekdigini habar berýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň prezidentlige kandidatynyň ady 15-nji dekabrda, Agrar partiýanyň kandidatynyň ady bolsa 17-nji dekabrda belli ediler diýip, döwlet eýeçiligindäki mediada aýdylýar.

Bir kem altmyş ýaşan Berdimuhamedow häzir ikinji möhlet prezidentligini soňlaýar we Konstitusiýanyň şu ýyl kabul edilen görnüşi prezidentlik möhletini 5 ýyldan ýyldan 7 ýyla çenli uzaltdy. Mundanam başga, şu ýylyň sentýabryndaky kanun düzedişlerinde prezidentlige hödürlenýäniň aňry ýaş çägi aýryldy.

Eýsem öňde duran prezident saýlawlaryndan nämä garaşmaly ýa-da ol türkmenistanlylar üçin nämäni aňladýar?

Netijesi öňünden belli saýlaw

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça eksperti Brýus Panniýeriň pikirine görä, «Berdimuhamedowyň gaýtadan saýlanmaga çalyşjakdygyny we saýlawlarda ýeňjekdigini hemmeler bilýär».

«Başga kandidatlaryň hem boljakdygyna garamazdan, hakykatda başga hiç bir adamyň ýeňmek umydynyň ýokdugyny türkmen halky hem bilýän bolmaly» diýip, ekspert çaklaýar.

«Berdimuhamedowyň gatnaşan öňki saýlawlarynda görşümiz ýaly, onuň syýasy garşydaşlary Türkmenistandatanalýan adamlar däl we, eger saýlawlar azat hem adalatly bolsa-da, adamlaryň asla tanamaýan adamlaryna ses bererinden, iş başyndaky prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa-Arkadaga ses bermesi ýakyn» diýip, Panniýer aýdýar.

«Şeýlelikde, bu ýerde hiç hili başga seçgi ýok we Berdimuhamedow prezident bolmak üçin girizilen aňry ýaş çägini hem aýyrdy. Onsoň biz oňa aýatda diri bolsa, ýene we ýene gaýtadan prezident saýlanmaga çalyşjak adam hökmünde garaýarys» diýip, Panniýer onuň öz garyndaşlarynyň biri, ogly ýa-da agtygy ornuny tutmaga taýyn bolýança häkimiýetde saklanmaga synanyşjakdygyny öňe sürýär.

Ekspertiň pikiriçe, Berdimuhamedowyň ýurt dolandyryşy, tebigaty boýunça, kleptokratlyk, ýagny Türkmenistana uly möçberde pul gelip girýär we ol pullar prezidentiň baştutanlygynda elitanyň eline geçýär.

«Eger-de obýektiw suduň öňüne getirilse we hakykatda ymykly iş edinen prokurorlar bolsa, ol döwlet býujetinden başga ýerlerik gönükdirilen milliardlarça dollaryň üstüni açmaly bolar» diýip, Brýus Panniýer türkmen prezidentiniň indi gidere ýeriniň ýokdugyny, sebäbi işden çeklise onuň özüne kanuny aýyp bildirilmegine ýol açjakdygyny, netijede uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilmeginiň ahmaldygyny öňe sürýär.

Ozalky dentist we saglyk ministri Berdimuhamedow 2007-nji ýylda, ozalky «ömürlik prezident» S.Nyýazow 2006-njy ýylyň dekabrynda ýogalanyndan soň geçiş prezidenti bolup, soňra iki gezek prezident saýlandy.

Türkmen kanunçylygy boýunça, prezident wezipesini ýerine ýetirip bilmedik ýagdaýynda onuň wezipesi parlamentiň, Mejlisiň başlygyna geçýärdi we wagtlaýyn prezident bolan syýasatçy saýlawlara gatnaşyp bilmeýärdi.

Türkmen režiminiň tankytçylary Berdimuhamedowyň bu kanun maddalaryny bozandygyny aýdýarlar.

Post-sowet Türkmenistanda henize çenli halkara gözegçileri tarapyndan azat we adalatly diýlip ykrar edilen saýlaw geçirilmedi.

Teswirleri gör (10)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG