Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama respublikanlaryň Putine oňyn garaýyşyny ýazgardy


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Ak Tamda žurnalistleriň öňünde çykyş etdi, Waşington, 16-njy dekabr, 2016.

ABŞ prezidenti Barak Obama respublikanlary tankytlap, olaryň prezidentlige saýlanan Donald Trampyň ýolbaşçylygynda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putini makullamagyny ýazgardy.

Obama ýakynda geçirilen pikir soralyşygyň netijelerine salgylanyp, özleriniň Respublikan partiýasyna degişlidigini aýdýanlaryň 37%-niň Orsýetiň liderine pozitiw garaýandygyny belledi. Respublikanlaryň 47% adatdakysy ýaly negatiw garaýyşyny mälim etdi. Mundan tapawutlylykda, ABŞ-nyň demokratlarynyň 74% Putini oňlamaýar.

“Ronald Reýgan öz guburynda gozganardy” diýip, Obama 16-njy dekabrda ýyly jemläp geçiren metbugat-konferensiýasynda aýtdy.

Obama Orsýeti ABŞ-dan has kiçi we “gowşak” ýurt diýip atlandyrdy, şeýle hem Orsýetiň “başgalaryň satyn almaga isleýän nebitden, gazdan we ýaragdan başga hiç bir zady öndürip bilmeýändigini” aýtdy.

Obama Orsýetiň Birleşen Ştatlary “üýtgedip” ýa-da “çynlakaý gowşadyp” bilmejegini belledi.

Şol bir wagtda-da Obama “eger-de biz muny metbugaty gorkuzmak, ýa-da dissidentleri gabamak üçin ulansak, ýa-da adamlaryň ynanjy we görnüşi sebäpli olaryň kemsidilmegi üçin millet derejesinde oňlap başlasak” Putin Amerikany gowşadyp biler diýdi.

Reýgan şol döwürde Sowet Soýuzy bolan ýurda “ýaramazlygyň imperiýasy” hökmünde garan bolsa, Tramp Respublikan partiýasynyň ugruny çürt-kesik üýtgedip, Orsýet bilen gatnaşyklary gowulandyrmak we terrorçylyga garşy göreşde Kreml bilen işleşmek isleýändigini aýtdy.

Tramp “ExxonMobil” kompaniýasynyň ýolbaşçysy we Putiniň dosty Reks Tillersony döwlet sekretary wezipesine hödürledi.

Respublikanlaryň Kongressdäki käbir abraýly wekilleri, şol sanda Senatyň ýaragly güýçler boýunça komitetiniň başlygy Jon Makkeýn (Respublikan partiýasy, Arizona) we Lindseý Graham (Respublikan partiýasy, Günorta Karolina) Orsýete garşy berk pozisiýasyny saklaýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG