Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Minskide türkmenistanly aýal $100,000 bilen tutuldy


Minskiniň aeroporty
Minskiniň aeroporty

Minskiniň aeroportynda Türkmenistanyň raýaty 100,000 dollar möçberinde maliýe serişdesini jarnamada görkezmän, ýagny deklarasiýa etmän geçirmekçi bolanda tussag edildi. Bu barada Belarusyň ýerli habar gulluklary Minskiniň Transport prokuraturasyna salgylanyp maglumat berýärler.

Şahsyýeti aýdyňlaşdyrylmaýan türkmenistanly aýal maşgala Aşgabatdan Moskwa, Minskiniň üstünden tranzit bilen uçmaly eken. Belarusyň kanunçylygyna görä, jarnamada görkezmän diňe 10,000 dollar möçberine barabar bolan pul serişdelerini geçirmek rugsat berilýär. Emma türkmenistanlynyň ýanyndan – deklarasiýa edilmedik – 98,000 dollar we 2,500 rubl möçberinde pul serişdesi ele salnyp, olar hökümetiň haýryna geçirilipdir.

Türkmenistandan hem 10,000 dollar möçberinden artyk maliýe serişdesini çykaryp bolmaýandygy sebäpli, ol aýal pullaryny 5,000-10,000 dollar aralygynda beýleki ýolagçylara paýlap berip, gümrükden geçirmegi haýyş edipdir.

Ol aýal maşgala mundan soňra, uçuş wagty pullaryny yzyna ýygnap – ogurlanmaz ýaly olary özüniň içki geýminde gizländigi barada maglumat beripdir.

Ýerli media Minskiniň aeroprotyndaky wideokamalaryň düşüren ýazgysynda, türkmenistanly aýalyň ilki “gyzyl” däliz boýunça barandygyny, soňy bilen hiç zady deklarsiýa etmegi göz öňünde tutmaýan ýolagçylar üçin niýetlenen “ýaşyl” koridora sowlandygyna ünsi çekýärler.

Sud diňlenişiginde tussag edilen aýal pullary deklarasiýa etmekçi bolandygyny aýdypdyr. Emma wideokameralarda onuň polisiýa işgäriniň golaýyndan durman geçmekçi bolandygy, şeýle-de diňe çagyrylan mahaly aýak çekendigi ýazga düşüpdir. Onuň Türkmenistandan çykyp barýan mahaly hem pullaryny deklarasiýa etmän geçirendigi, goşmaça şübheleri döredipdi.

Netijede, Türkmenistanyň raýaty Jenaýat kodeksiniň 228-nji maddasynyň 2-nji bölümi boýunça, ýagny “Kontrabanda” aýyplamasy boýunça günäli tapylýar. Bu madda bäş ýyla çenli türme tussaglygyny göz öňünde tutýar.

Türkmenistanly aýala 6,300 rubl möçberinde jerime kesildi; onuň ýanyndan tapylan 88,500 dollar we 2,500 rubl maliýe serişdeleri döwletiň hasabyna geçirildi; we 10,000 dollar yzyna – eýesine gaýtarylyp berildi.

Gürrüňi edilen Türkmenistanyň raýatynyň mundan soňraky ykbaly dogrusynda Türkmenistanyň Minskidäki resmi wekillerinden hiç hili maglumat alyp bolmady.

Ýatladyp geçsek, geçen ýylyň awgustynda başga bir türkmenistanly aýalyň Gazagystanyň "Temir baba" serhet geçelgesinde jarnamada görkezilmedik 30,000 çemesi dollar bilen saklanypdy.

Sözümiziň ahyrynda jemlesek, Türkmenistanda dollar söwdasyna girizilen resmi gadagançylyk bilen birlikde, daşary ýurtlara pul serişdelerini ugratmak we kabul etmek düzgünlerine-de ençeme tapgyr çäklendirmeler salnypdy. Ýagny, Türkmenistandan puly kabul edýän tarap maliýe serişdeleri ugradanyň garyndaşlyk derejesini görkezýän güwänamany, şeýle-de ugradyjynyň bu pullary nädip gazanandygy baradaky aýlyk kepilnamany görkezmäge borçly edildi.

XS
SM
MD
LG