Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Berdimuhamedow Marydan, Balkandan soň Lebaba bardy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Lebap welaýatyna bardy.

Resmi maglumatlarda prezidentiň welaýata baran badyna wise-premýerler, harby we kanuny goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, Lebap welaýatynyň häkimi bilen geçiren iş maslahatynda “regionyň sosial-ykdysady ösüşine, onuň senagat, tebigy resurslar we tranzit-transport taýdan potensialynyň durmuşa geçirilmegine degişli giň göwrümli meseleleriň” orta atylandygy aýdylýar.

Agzalan ugurlar boýunça edilen işler, regionyň sosial-ykdysady ösüşi üçin amatly şertleri döretmek, senagaty ösdürmek we ilatyň durmuş şertlerini kadalaşdyrmak boýunça tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada, resmileriň prezidente hasabat berendigi mälim edildi, emma ol edilen işler barada jikme-jik maglumat berilmedi.

Lebap welaýatynda gurulýan kaliý önümlerini öndürýän Garlykdaky dag-magdanlary baýlaşdyryjy toplumyň gurluşygyna aýratyn üns berildi. Prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Belarusyň bilelikde amala aşyrýan gurluşygynyň tamamlanmagynyň ähmiýetini nygtady.

Dag-magdanlary baýlaşdyryjy toplum

Türkmenistanyň we Belarusyň arasynda 2009-njy ýylda gol çekilen ylalaşyk esasynda gurulýan umumy bahasy 1 milliard dollarlyk kombinatyň 2015-nji ýylda ulanylyşa tabşyrylmagy planlaşdyrylypdy.

Geçen ýylyň dowamynda iki ýurduň arasynda bu obýekte degişli dawa döredi.

Dekabryň ortalarynda türkmen tarapy gurluşyga gatnaşýan Belarusyň “Belgorhimprom” şirketiniň alyp barýan işiniň hiline nägileligini bildirdi. Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Batyr Ereşow “potratçy kärhanalarynyň zerur gurluşyk serişdeleri bilen ýeterlik üpjün edilmeýändigi, desgalaryň anyk taslama maglumatlaryny almak boýunça kynçylyklaryň bardygy anyklandy” diýdi.

Mundan öň belarus tarapy Türkmenistany hasaplaşygy wagtynda ýerine ýetirmezlikde aýyplapdy.

Sentýabrda Belarusyň milli ýygnagynyň Respublika geňeşiniň başlygy Mihail Mýasnikowiç Türkmenistanyň ilçisi Nazarguly Şagulyýew bilen duşuşygynda, Garlykda gurulýan zawod boýunça Aşgabadyň öz üstüne alan maliýe borçlaryny ýerine ýetirmezliginden alada bildiripdi.

“Belarus tarapynyň Lebapdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinaty 2017-nji ýylyň 31-nji martyna çenli ulanylyşa bermek üçin ähli mümkin tagallalary berjaý edýändigini” Belarusyň Türkmenistandaky ilçisi Oleg Tabanýuhow 27-nji dekabrda aýtdy.

Saýlaw kampaniýasy

Türkmenistanyň döwlet baştutany G. Berdimuhamedowyň prezidentlik saýlawlaryna üç hepde galanda, Lebap welaýatyna edýän bu iş sapary onuň Mary we Balkan welaýatlaryna eden saparlarynyň yzýanyna gabat geldi.

12-nji fewrala bellenen saýlawlarda prezidentlik wezipesine üçünji gezek dalaş edýän Berdimuhamedow Maryda we Balkanda saýlawçylar bilen geçiren duşuşyklarynda, hususan-da işçileriň, deňizçi harbylaryň we ýaşlaryň goldawyna eýe boldy. Döwlet telewideniýesi welaýatlardaky duşuşyklara gatnaşan saýlawçylaryň, 2007-nji ýylda öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň aradan çykmagynyň netijesinde döwlet başyna geçen Berdimuhamedowa öz seslerini wada berendigi görkezdi.

Bu gezekki saýlawlara Demokratik partiýanyň ikinji möhlet prezidentligini tamamlaýan kandidaty G.Berdimuhamedowdan başga ýene sekiz dalaşgär gatnaşýar. Olaryň ikisi ýurduň Senagatçylar we telekeçiler, Agrar partiýalarynyň wekilleri bolsa, galanlary raýatlaryň inisiatiwa toparlarynyň kandidatlary bolup durýar.

XS
SM
MD
LG