Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gypjakda din we däpler maslahatlaşyldy


Aşgabat, Ärtogrul metjidi, 2013.
Aşgabat, Ärtogrul metjidi, 2013.

Türkmenistanyň din işgärleri däp-dessurlaryň özboluşlylygyny hem-de ýörelgelerini saklamagy ara alyp maslahatlaşdylar diýip, TDH habar berýär.

24-nji ýanwarda Gypjakda, Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde geçirilen maslahatda milli däp-dessurlary hem-de ýörelgeleri, dini ynanjy gorap, geljekki nesillere ýetirmegiň "dindarlaryň mukaddes borçlarydygy" bellendi.

Neşir bu maslahata welaýatlardan we Aşgabat şäherinden din işgärleriniň, sylagly ýaşulularyň gatnaşdygyny habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan özüni dünýewi döwlet atlandyrýar we türkmen kanunçylygy raýatlaryň milletine, jynsyna, sosial gelip çykyşyna we uýýan dinine garamazdan, Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynda we halkara hukugynyň beýleki kadalarynda göz öňünde tutulan hukuklaryň we azatlyklaryň üpjün edilmelidigini aýdýar.

Şol bir wagtda Türkmenistanda dini ynanjy sebäpli ýanalýan adamlaryň hem az däldigi, häkimiýetleriň wahhabizm, eksteremizm aladalarynyň hem bardygy aýdylýar.

Eýsem Türkmenistanda din we milli däp-dessurlar, ýörelgeler arasynda nähili çaprazlyklar bar?

Azatlyk radiosy bu barada Pragada ýaşaýan we din meseleleri bilen ýakyndan gyzyklanýan ýazyjy Hudaýberdi Hally bilen söhbetdeş boldy.

Gypjakda din we däpler maslahatlaşyldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:54 0:00


XS
SM
MD
LG