Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan we Demirgazyk Koreýa dünýäniň iň bir gümürtik ýurtlary boldy


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň heýkeliniň açylyşy. 25-nji maý, 2015
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň heýkeliniň açylyşy. 25-nji maý, 2015

Türkmenistan dünýäniň iň bir garaňky we deňleşip bolmajak ýurtlarynyň biri diýlip ykrar edildi.

Britaniýanyň Business Insider neşiri tarapyndan Transparency International guramasynyň ýyllyk hasabaty esasynda düzülen özboluşly reýtingde Türkmenistan Demirgazyk Koreýadan soň ikinji orunda goýulýar.

24-nji ýanwarda Transparency International guramasynyň çap eden Korrupsiýa indeksinde Türkmenistan, dünýäniň iň bir korrupsiýa çümen ýurtlarynyň biri hökmünde, 154-nji orny eýeledi.

Ýurtlaryň gysgaça häsiýetlendirmesinde aýdylmagyna görä, Türkmenistany 21 ýylyň dowamynda, 1985-nji ýyldan 2006-njy ýylyň aýagyna çenli ömürlik prezident Saparmyrat Nyýazow dolandyrdy. Emma bu ýurt, reýtingiň awtorlarynyň pikirlerine görä, ozalky prezidentiň 11 ýyl gowrak ozal ölendigine garamazdan, entegem açylmaýar.

Türkmenistan umytsyz garaňkylykda 33 ball alyp, birinjilikde Demirgazyk Koreýadan diňe bir ball yza galdy.

Türkmenistan reýtingde, Serhetsiz reportýorlar guramasynyň maglumatlary esasynda, metbugat azatlygy boýunça iň erbet ýurt hasaplanylýar.

Ýogsa-da, Türkmenistanyň häkimiýetleriniň Azatlyk radiosynyň iki habarçysyny we olaryň garyndaşlaryny tussagda saklaýandygyny hem ýatlatmak gerek.

Saparmämmet Nepesgulyýew eýýäm bir ýarym ýyl bäri bikanun derman serişdelerini saklamak aýyplamasy bilen türmede otyr. Hudaýberdi Allaşow we ejesi bolsa, nas saklamak aýyplamasy bilen, eýýäm iki aý bäri tussagda saklanýar.

Türkmenistan bilen Demirgazyk Koreýadan başga, reýtinge Belarus, Laos, Kuba, Liwiýa, Günorta Sudan, Butan we Kongo respublikasy hem girdi.

Demokratik ýurtlarda metbugat azatlygy we maglumat elýeterliligi bolaýmaly zat ýaly kabul edilýän hem bolsa, bu ýurtlarda ol örän seýrek duşýar diýip, Business Insider neşiri belleýär.

XS
SM
MD
LG