Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanlylar ses berýärler, Berdimuhamedow dolandyryşyny uzaltjaga meňzeýär


Aşgabat, ses berijiler

Gaza baý we doly ýapyk Türkmenistanyň raýatlarynyň 12-nji fewralda, ir säherden ses bermäge çykmagy bilen, awtoritar prezident Gurbanguly Berdimuhamedow öz dolandyryşyny ýene bir ýedi ýyl uzaltjaga çalym edýär.

Ýurtda jemgyýetiň ähli pudagyna berk kontrollyk edýän Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurdunda geçirilýän saýlawlarda, köpleriň nazaryndan penjire tutusy bolup görünýän sekiz kandidaty ap-aňsatja ýeňmegine garaşylýar.

“Soňky 25 ýylda geçen ähli saýlaw galplaşdyryldy we ýurtda hakyky oppozisiýa ýok, jemgyýet basyş astynda, garaşsyz metbugat bolsa asla ýok» diýip, Birleşen Ştatlaryň German Marşal fondunyň Ýewraziýa eksperti Mihal Romanowskiý aýdýar.

2006-njy ýyldan bäri häkimiýet başynda oturan Berdimuhamedow çala tanalýan resmiler bilen bäsleşýär we bu gezekki bäsleşige ilkinji gezek bir syýasy partiýanyň däl-de, üç syýasy partiýanyň wekillerigatnaşýar.

Bu üýtgeşiklik geçen ýyl, iş başyndaky 59 ýaşly prezidentiň 2017-nji ýylyň saýlawlarynda «alternatiwler» hem bolar diýmegi bilen döredi.

Emma Türkmenistanda 1991-nji ýylda SSSSR dargap, ýurt garaşsyz bolaly bäri halkara gözegçileri tarapyndan azat we adalatly diýlip baha berlen parlament we prezident saýlawlary bolmady. Resmi maglumatlara görä, Berdimuhamedow 2007-nji ýylda saýlawçylaryň 89, 2012-nji ýylda bolsa 97 prosent sesini aldy.

Synçylar il içinde o diýen tanalmaýan kandidatlar bilen döwlet tarapyndan döredilen partiýalaryň wekilleriniň saýlawlarda nähilidir bir tapawut döretjege meňzemeýändigini, ýurtdaky metbugat serişdeleriniň ählisiniň berk döwlet konrollygynda saklanylýandygyny aýdýarlar.

“Türkmen jemgyýetçiliginiň diňe 15 prosentiniň internet elýeterliligi bar» diýip, Romanowskiý Azat Ýewropa, Azatlyk radiosyna aýtdy. “Şeýlelikde, diňe jemgyýete bekrk kotrollyk edilip, hereket azatlygy çäklendirilmeýär, eýsem türkmen raýatlarynyň garaşasyz metbugat serişdelerine elýeterliligi hem ýok.”

Döwlet tarapyndan berk kontrollyk edilýän metbugat beýleki kandidatlaryň saýlaw kampaniýalary hakynda kän zat bermän, diňe olaryň saýlawçylar bilen duşuşyklaryndan gysgajyk sahnalary görkezip oňdy.

Mundanam başga, ol kandidatlaryň programmalarynda Türkmenistandaky syýasy meseleler we adam hukuklary ýagdaýy öz ornuny tapmaýar, ýogsa hukuk goraýjy guramalar bu ýurdy dünýäniň iň bir kän hukuk bozýan döwletleriniň arasynda goýýar.

Şol bir wagtda, Berdimuhamedow 5.3 million ilatly ýurduň şäherlerine saparlary bilen bagly mebugatda giňden wagyz edildi.

Golaýda bolsa, aýdym-sazda, maşyn ýaryşlarynda, at çapyşyklarynda öňe saýlanmagy gowy görýän prezident Ahal welaýatynda bolan duşuşykda işçileriň öňünde aýdym aýtdy.

Başga bir telewizion habarda bolsa, Berdimuhamedowyň özüne saýlawda ses bermegi wada berýän çopanlara uly gapyrjaklara salnan sowgatlary, aýdylmagyna görä, telewizor paýlaýan pursaty görkezildi.

Tankytçylar bu ýagdaýlaryň ýurduň saýlaw kanunlaryna ters gelýändigini aýdýarlar, sebäbi kanunda kandidatlaryň ses berijilere pul we sowgat bermegi gadagan edilýär we metbugatda olaryň hemmesine deň mümkinçilik berilmeli.

Serhetsiz reportýorlar guramasynyň saýlawdan iki gün öň ýaýradan beýanatynda aýdylmagyna görä, soňky iki ýylda Türkmenistanda galan birnäçe garaşsyz žurnaliste edilýän basyş we ýanamalar hem ýygjamlaşdy. Dünýä ýüzünde metbugat azatlygyna gözegçilik edýän halkara gurama Türkmenistany dünýäniň metbugat azatlygy indeksinde 180 ýurduň arasynda 178-nji orunda goýýar.

Berdimuhamedow entek öňki prezident S.Nyýazow ýaly özüni ömürlik diýip yglan etmese-de, Türkmneistan geçen ýyl öz konstitusiýasyny düzedip, prezidentlik möhletini 5 ýyldan 7 ýyla çenli uzaltdy weprezidentlige dalaşgäriň 70 ýaşa bellenen aňry çägini aýyrdy.

Syýasata diş doktorlygyndan gelen Berdimuhamedow gözçykgynç şahsyýet kulty we başga pikirlileri gazaply basyp ýatyrmagy bilen dünýä tanalan Nyýazowyň tarpa-taýyn ölüminden soň häkimiýet başyna geçdi.

Berdimuhamedow prezidentliginiň başynda öňki prezidentiň bilim we saglyk syýasatyna garşy käbir reformalary geçirdi, mekdepleri on ýyllyk etdi, Nyýazow tarapyndan ýapylan ýerli hassahanalary gaýtadan açdy, ýatyrylan ýa gysgaldylan pensiýalary dikeltdi.

Emma tankytçylar ýurduň ýüzüniň demokratik ideallara tarap öwrülmegi baradaky umytlaryň derrew puç bolandygyny, ýurtda henizem hakyky oppozisionpartiýalaryň ýokdugyny we syýasy dissidentleriň ýa türmä, ýa ruhy hassahana iberilýändigini aýdýarlar.

Synçylar Berdimuhamedowyň özüne «Arkadag» diýdirip, öz şahsyýet kultuny güýçlendirýändigini aýdýarlar. Ol 2015-nji ýylda Aşgabadyň merkezinde özüniň 21 metrlik mermer tikeçiň üstünde,ata atlanan şekildäki altyn çaýylan heýkelini dikdirdi.

“Ol özüni Arkadag, jemgyýetiň goragçysy diýip jar etdi, emma hakykatda öz gysymyna gysan häkimiýetini goramak isleýär,ýurduň ýerasty baýlyklary oňa we onuň ýakyn töweregine düýpli girdeji berýär» diýip, German Marşal fondunyň eksperti Romanowskiý aýdýar.

Emma Berdimuhamedowyň üçünji möhlet prezidentlige dalaşgärligi, energiýa bahalarynyň global aşaklamasy we eksportyň birden aşak gaçmagy bilen,ykdysadyýetiň mazaly haýallaýan wagtynagabat geldi.

Döwlet aýlyklarynyň köpüsi wagtynda tölenmeýär we ýurtda ösümlik ýagy, un, şeker ýaly esasy azyk önümleri, dermanlar ýetmezçilik edýär,bazarlarda nyhrlar ýokarlanýar.

Aşgabatdan we beýleki şäherlerden alnan fotosuratlar Täze ýyl baýramçylygynyň öňünden döwlet eýeçiligindäki dükanlaryň öňünde dörän uzyn nobatlary görkezdi.

Hökümet saýlaw kampaniýasy döwründe bazarlardaky hususy söwdagärlere hem azyk harytlaryny hakyky bahasyndan arzansatmagy buýurdy diýip, täjirler we alyjylar aýtdy.

"Human Rights Watch" guramasynyň saýlawyň öň ýanyndan aýtmagyna görä, Türkmenistan öz raýatlarynyň öz prezidentlerini azat saýlamak, pikirlerini açyk aýtmak we maglumat elýeterliligi hukuklaryny inkär etdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG