Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mattis: NATO Günbatar we ABŞ üçin ‘binýat’ bolmagynda galýar


Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Jim Mattis
Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Jim Mattis

15-nji fewralda Brýusselde Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Jim Mattis NATO bileleşiginiň “Birleşen Ştatlar hem-de transatlantik jemgyýeti üçin esasy binýat bolup durýandygyny” aýtdy.

Mattis NATO-nyň goranmak ministrleri gepleşiginden ozal, habarçylara interwýu berdi. Ol 27-nji ýanwarda Donald Trump hökümediniň goranmak sekretary hökmünde kasam edeli bäri, ilkinji gezek şeýle duşuşyga gatnaşýar.

Mattis “prezident Trampyň hem belleýşi ýaly, ol NATO güýçli goldaw berýär” diýdi.

Saýlaw kompaniýasynda Trampyň NATO-ny “modasy geçen” bileleşik diýip häsiýetlendirmegi we Russiýa garşy ýumşak çemeleşmegi hakyndaky beýannamasy NATO agza ýurtlarda onuň bu gurama bolan garaýşy hakynda howsala döretdi.

Mattis, Birleşen Ştatlaryň NATO ýaranlarynyň goranmak çykdajylaryny artdyrmagyna garaşýandygyny belläp geçdi.

Ol “dünýäniň iň kämil goragyndan peýdalanýan hemmäniň erkinligi goramak üçin gerekli çykdajylary deň ölçegli şekilde paýlaşmagy adalatly talapdyr” diýdi.

2014-nji ýylda Russiýa Krymy ele geçirdi we şu wagta çenli 9 müň 750 adamyň ölen, ýagny gündogar Ukrainadaky söweşde separatistleri goldady. NATO liderleri on ýylyň içinde goranmak çykdajylaryny azaltmagy we harby çykdajylary jemi içerki önümiň (GDP) 2 göterimine çenli ýokarlandyrmagy wada berdiler.

28 agzadan 24-si goranmak çykdajylaryny azaltmagy togtatdylar. Stoltenberg ABŞ-nyň, Britaniýanyň, Polşanyň, Gresiýanyň we Estoniýanyň eýýämden 2 göterime deň getirendiklerini, Latwiýanyň, Litwanyň we Rumyniýanyň hem bu görkezijä golaýlandyklaryny aýtdy.

NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg “men bu duşuşygyň transatlantik jebisliginiň alamatydygyna, birlikde hereket etmegiň rolunyň, birek-biregi goldamagyň ähmiýetiniň we Birleşen Ştatlaryň NATO bolan wepalylygynyň nyşany boljakdygyna ynanýaryn” diýip, duşuşykdan ozal žurnalistlere gürrüň berdi.

Iki günlük duşuşykda terrorizme garşy söweşiň, aýratyn hem “Yslam döwleti” (YD) ekstremist toparyna garşy göreşiň ara-alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG