Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina, Russiýa Gagadaky halkara sudunda ýüzbe-ýüz bolýar


Gagadaky Halkara adalat kazyýetinde Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Olena Zerkal. 6-njy mart, 2017 ý.
Gagadaky Halkara adalat kazyýetinde Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Olena Zerkal. 6-njy mart, 2017 ý.

Ukraina Moskwanyň ýurduň gündogarynda we Krym ýarym adasynda orsýetçi separatistleri goldamagyny togtatmak maksady bilen Gagadaky halkara kazyýetine ýüz tutdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň ýokary kazyýeti şu gün 6-njy martda Ukraina tarapyndan ýanwar aýynyň ortalarynda getirilen şikaýat hakda diňlenişige başlaýar.

Döwletler arasyndaky dawalara seredýän Halkara adalat kazyýetinde, bu işiň ençeme ýyla çekmegi mümkin.

Kazyýetiň hökümi gutarnykly we hökmany bolsa-da, onuň ýerine ýetirilmegini gazanmaga mümkinçilik ýok.

Kiýew Orsýeti gündogar Ukrainadaky we Krymdaky toparlary goldamak bilen Birleşen Milletler Guramasynyň terrorizm hem diskriminasiýa garşy konwensiýalaryny bozanlykda aýyplaýar.

2014-nji ýylda Moskwa Ukrainanyň Krym ýarym adasyny bikanun özüne birikdirdi. Ol gündogar Ukrainadaky separatistleri-de goldaýar. Ukrain güýçleri bilen separatistleriň arasynda turan uruşda 2014-nji ýylyň martyndan bäri 9750-den agdyk adam öldi.

Kiýew we Günbatar döwletleri bu barada berk subutnamalaryň bardygyny aýtsalar-da, Kreml özüniň gündogar Ukraina esger ýa harby enjamlar iberendigini ret edýär.

Birleşen Ştatlar bilen Günbatar döwletleri bu Ukrainanyň içki işlerine garyşmak diýip, Moskwanyň garşysyna ykdysady sanksiýalar girizdiler.

Orsýetiň daşary işler ministrligi kazyýetde “goranyş üçin mümkin bolan ähli kanuny serişdelerden peýdalanjakdygyny” aýtdy.

Orsýetiň ýokary derejeli bir resmisi döwlet tarapyndan dolandyrylýan “TASS” habar gullugyna Orsýetiň wekiliýetiniň 35 adamdan ybarat boljakdygyny bildirdi.

Wekiliýetiň düzüminde Orsýetiň Daşaryň işler ministrliginiň Şertnama we kanun bölüminiň baş direktory Roman Kolodkin, şeýle hem bu ministrligiň Täze kynçylyklar we howplar bölüminiň direktory Ilýa Rogaçew ýaly adamlar-da bolar.

“TASS” habar gullugynyň bildirmegine görä, Ukrainanyň wekilýetine daşary işler ministriniň orunbasary Olena Zekal ýolbaşçylyk eder.

Ukrainanyň şikaýatnamasynda onuň “Orsýetiň barha artýan basyşyna we gorkuzmalaryna sezewar edilýändigi” aýdylýar.

Şikaýatnamada aýdylmagyna görä, Orsýet 2014-nji ýyldan bäri Ukrainanyň içki işlerine harby taýdan garyşmagy artdyrypdyr. Ol şeýle hem terrorçylykly işleri maliýeleşdirmek bilen millionlarça ukrain raýatynyň adam hukuklaryny, şol sanda ýaşama hukugyny bozýar.

Ýene-de şikaýatnamada ilatly ýerleriň bombalanmagyna we 2014-nji ýylyň iýulynda Malaýziýanyň “MH17” uçarynyň atylyp gaçyrylmagyna we 298 adamyň heläkçiligine salgylanylyp, Moskwa tarapdan goldalýan separatistik güýçleriň terrorçylykly işleri edendigi aýdylýar.

Ukraina şeýle hem Moskwany Krym ýarym adasyny 2014-nji ýylda özüne birikdireli bäri, ol ýerde ýaşaýan tatarlara we etnik ukrainlara ýaramaz çemeleşmekde aýyplaýar.

Diňlenişigiň ilkinji tapgyry 6-njy we 9-njy martyň aralygynda geçer diýlip çaklanýar. Diňlenişigiň ilkinji güni söz Ukraina berler. Orsýet hem ikinji gün çykyş eder.

Şular ýaly ýagdaýda ozal Gürjüstan hem Orsýetiň garşysyna şikaýat bilen kazyýete ýüz tutupdy. Ýöne ýokary kazyýet 2011-nji ýylda höküm çykaryp, özüniň bu barada adyl kazyýetlik hukugynyň ýokdugyny aýtdy. Ekspertler Orsýet bu gezek hem Kazyýetiň ýuridiksiýasy ýok diýip delil getirmegi mümkin diýýärler.

XS
SM
MD
LG