Sepleriň elýeterliligi

Holland saýlawy anti-immigrant meýilleri synaga salýar


Rutte ses berip, saýlawlaryň «nädogry populizmiň domino täsirini» togtatmagyň bir mümkinçiligi bolandygyny aýtdy.

Hollandiýalylar 15-nji martda immigrasiýa garşy we milletçilik duýgularynyň görkezijisi bolar diýip hasaplanylýan saýlawlarda ses berýär we bu çäre Türkiýe bilen turan dawanyň arasyna gabat geldi.

Premýer-ministr Mark Rutteniň sag ganatVVDpartiýasy aşa sagçy syýasatçy, yslama garşy Grit Wildersiň PVV, ýagny Azatlyk üçin partiýasy we beýleki partiýalar bilen parlamentiň 150 orny ugrunda bäsleşýär.

Bu şu ýylda Ýewropa Bileleşiginde Britaniýa Bwropa Bileleşiginden çykaly we ABŞ 2016-njy ýylda Donald Trampy prezident saýlaly bäri 28 agzaly blogyň aman galmak mümkinçiligini synaga saljak üç saýlawyň ilkinjisi hasaplanýar.

Wilders Haagadaky mekdepde ses berdi we žurnalistlere öz partiýasynyň saýlawda gazanjak netijelerine garamazdan ýeňiji bolandygyny aýtdy. Ol muny «hemmeler biziň meselelerimiz barada gürrüň edýär» diýmek bilen delillendirdi.

Rutte ses berip, saýlawlaryň «nädogry populizmiň domino täsirini» togtatmagyň bir mümkinçiligi bolandygyny aýtdy.

Pikir soraýyşlar Rutteniň partiýasynyň Wildersiň partiýasyndan 3 prosent derejesinde öňde barýandygyny görkezdi, emma olarda Ankara bilen aradaky ýiti dartgynlaşma nazara alynmady.

Hollandiýa biraz öň türk ministriniň bu ýurda gelip, prezident Rejep Taýyp Erdogana goşmaça ygtyrlyk bermek baradaky referundumy wagyz etmek üçin holland topragynda ýaşaýan türkleriň ýygnanyşygynda çykyş etmeginiň öňüni baglady.

Erdogan Hollandiýany nasistler ýaly hereket etmekde aýyplady we bu Rutteniň gaharly gaýtawul bermegine sebäp boldy.

Deslapky görkezijilerden çen tutulsa, Türkiýe bilen arada turan dawa hem Ruttä, hem Widlderse kömek edip biler.

Wilders Hollandiýany «yslamsyzlaşdyrmagy» wada berdi. Şol bir wagtda onuň hakykat ýüzünde hökümet düzmek mümkinçiligi ýok, sebäbi öňdebaryjy partiýalaryň ählisi onuň bilen işleşmejekdigini aýtdy.

Emma PVV-niň ýeňşi şol ýagdaýda hem Ýewropada tolkun döreder öýdülýär.

Hollandiýadaky ses berişligiň yzyndan Fransiýada prezident saýlawlary geçiriler. Bu saýlawda aşa sagçy syýasatçy Marine Le Pen maýda ikinji tapgyrda bäsleşmek hukugyny gazanjagameňzeýär.

Germaniýa bolsa sentýabrda parlament saýlawlaryny geçirýär. Ýewro pul birligine ynanmaýan, kansler Angela Merkeliň bosgun syýasatyna hüjüm edensag-ganat partiýa, Germaniýa üçin Alternatiwa il içinde meşhurlyk gazanýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG