Sepleriň elýeterliligi

Russiýa ABŞ-ny, NATO-ny ‘töhmet’ atmakda aýyplady


ABŞ-nyň döwlet sekretary Rex Tillerson weUkrainanyň daşary işler ministri Pawlo Klimkin. 31-nji mart, 2017 ý.

Russiýa Birleşen Ştatlary we onuň ýaranlaryny “töhmet” atmakda aýyplady. Bu waka Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli diplomaty we Pentagonyň başlygy Russiýany Ukrainadaky we beýleki ýerlerdäki hereketleri üçin ýazgaran mahalyna gabat geldi.

31-nji martda ABŞ-nyň döwlet sekretary Rex Tillerson NATO-daky ýaranlaryna Birleşen Ştatlaryň Ukrainanyň territorial bitewüligine hormat goýýandygyny aýdyp, “Moskwa biziň sanksiýalarymyza sebäp bolan hereketlerinden dänýänçä”, Birleşen Ştatlaryň Russiýa garşy girizen sanksiýalary öz güýjünde galar diýdi.

Ýatladyp geçsek, Günbatar ýurtlary Russiýanyň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny bikanun basyp almagynyň, şeýle-de Ukrainanyň gündogaryndaky separatistleri goldamagy netijesinde, Moskwa garşy sanksiýalary girizipdiler.

“Biz Russiýany Ukrainanyň territoriýasynyň serhetlerini üýtgetmek tagallalaryny kabul etmeýäris we kabul etmeris” diýip, Tillerson aýtdy.

Tillerson wezipä belleneli bäri ilkinji gezek Brýusselde NATO agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri bilen duşuşýar. Bu waka Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň Moskwa bilen has ýakyn gatnaşyklara höweslidigi barada eden çykyşy dogrusynda aladalaryň artan mahalyna gabat geldi.

Ol Ukrainanyň daşary işler ministri Pawlo Klimkine “Russiýanyň Ukraina garşy agressiýasyndan” soň, ABŞ-nyň we NATO-nyň Ukraina bolan goldawy “gyşarnyksyz” saklanyp galýar diýdi.

Russiýa muňa gaýtawul edip, NATO-ny öz agzalaryny birleşdirmegiň ýoly hökmünde “rus howpy baradaky rowaýaty” ýaýratmakda we “rus agressiýasy” diýip töhmet atmakda aýyplady.

“Birleşen Ştatlar we onuň ýaranlary biziň serhetlerimizde öz harbylaryny artdyrmagy “Russiýany saklamak” üçin gerek diýip aklamak meselesinde ilgezik boldular” diýip, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG