Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awaza raýatlaryň hususy ulagly barmagy çäklendirilýär


Awazadaky myhmanhanalaryň biri.
Awazadaky myhmanhanalaryň biri.

Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky Awaza syýahatçylyk zolagynda prezident G. Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Aziada – 2017: parahatçylygyň we progresiň hatyrasyna halkara sport hyzmatdaşlygy” atly kongres geçirilýär.

Türkmenistanyň döwlet mediasynyň maglumatyna görä, 7-nji aprelde Bütindünýä Saglyk gününe gabatlanyp geçirilýän bu çärä tanymal syýasatçylar bilen bir hatarda, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşýan ýurtlaryň delegasiýalary, Aziýa Olimpiýa geňeşiniň başlygy, halkara sport federasiýalary we guramalary gatnaşýarlar.

Bu kongresde şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň sosial we ykdysady pudaga degişli toplumlardan başlap, Türkmenistanyň regionda we global derejede parahatçylygy saklaýyş strategiýasynyň amala aşyrylyşyna çenli dürli meseleleriň milli sport we döwletara hyzmatdaşlyk üçin ähmiýetine serediljekdigi barada habarda nygtalýar.

Gepiň gerdişine görä bellesek, bu kongresiň geçirilmegi Balkan welaýatyndaky Awaza milli syýahatçylyk zolagyna adaty ulaglaryň indi birnäçe gün bäri goýberilmeýändigi barada media serişdelerinde çykan maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Diňe ýörite rugsatnamaly ‘geçip bolýar’

“Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri Türkmenbaşy şäherindäki çeşmelerine salgylanyp, 5-nji aprelden başlap, Awaza syýahatçylyk zolagynyň çäklerine diňe döwlet ulagynda, şeýle-de ýörite rugsatnama esasynda girip bolýandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary hem bu maglumaty tassyklap, hatda Türkmenbaşy şäherinden welaýatlara gatnaýan taksileriň ählisiniň hem penşenbe güni öz regionlaryna ugradylandygyny aýtdylar.

Aýdylmagyna görä, häzirki wagt adamlar Awazanyň territoriýalaryna ýörite rugsatnamasyz diňe döwlet taksilerinde we awtobuslarynda geçip bilýär. Bu ýere gelýän syýahatçylaryň ählisiniň öz awtoulaglaryny Awazanyň çetindäki awtoduralgada goýup, myhmanhanalara jemgyýetçilik transportynda barmaly bolýandygyna üns çekilýär.

Şol bir wagtyň özünde-de, 5-nji aprelde geçirilen hökümet maslahatynda ýurduň içeri işler ministri I.Mulikow Awaza dynç almaga gelýänleriň ulaglaryny ýörite awtoduralgada goýmalydygyny we göz öňünde tutulan ýörite transportdan peýdalanmalydygyny aýtdy. Şeýle-de, diňe käbir ulaglara ýörite rugsatnamanyň beriljekdigini, munuň hem dynç alyş möwsüminde, hyzmatlar bilen baglanyşykly zerurlyklara niýetlenýändigini mälim etdi.

Ýatladyp geçsek, 2015-nji ýylyň 14-nji awgustynda geçirilen hökümet maslahatynda, prezident Berdimuhamedow Awazanyň çäginde indiden beýläk diňe jemgyýetçilik ulaglarynyň we ýörite ulaglaryň gatnawyna rugsat berilmelidigini aýdypdy.

Ilkinji gezek däl

Türkmen häkimiýetleri tarapyndan hususy awtoulaglaryň Awaza syýahatçylyk zolagyna goýberilmezligi bilen baglanyşykly ýagdaý indi ilkinji gezek bolmaýar.

Geçen ýylyň 1-nji maýynda Awaza syýahatçylyk zolagyna hususy awtoulaglaryň goýberilmegi dil üsti bilen berlen görkezme esasynda gadagan edilip, onuň sebäpleri barada maglumat berilmändi.

Mundanam başga, geçen ýylyň awgust aýynda ýurduň beýleki welaýatlaryndan Türkmenbaşa gelip işleýän içerki migrantlar şäherden wagtlaýyn çykarylypdylar. Şonda bu çäräniň ýokary derejeli hökümet resmileriniň Awaza syýahatçylyk zolagyna dynç almaga barmagy bilen baglanyşyklydygy aýdylypdy.

Prezident Berdimuhamedowyň döwlet başyna gelmegi bilen Awaza syýahatçylyk zolagyna millionlarça amerikan dollary möçberinde maliýe serişdesi harçlandy. Türkmen mediasynyň maglumatyna görä, bu zolagy halkara turistleriniň iň bir gelim-gidimli syýahatçylyk merkezleriniň birine öwürmek göz öňünde tutulýar.

Emma halkara ekspertleriniň ençemesi Awazanyň heniz turistlere, hususan-da, günbatarly syýahatçylara taýyn däldigini aýdýarlar.

Sözümiziň ahyrynda ýatlatsak, türkmen häkimiýetleri ýurda gelip-gidýän daşary ýurtly turistleriň sanynyň yzygiderli artýandygyny aýdýar, emma olaryň anyk sany baradaky statistiki maglumatlary ilat köpçüligine henize çenli ýetirmän gelýärler.

XS
SM
MD
LG