Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedowyň Gazagystana sapary yza süýşürildi


Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew we türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Türkmen prezidentiniň Gazagystana 12-nji aprelde etmeli resmi sapary yza süýşürildi. Gazagystanyň daşary işler ministri Gaýrat Abdrahmanowyň beren maglumatyna görä, G. Berdimuhamedow indi 18-19-njy aprel aralygynda geler.

“Ýakynda biz Türkmenistanyň prezidentiniň Gazagystana gelmegine garaşýarys” diýip, Abdrahmanow daşary ýurtlaryň Gazagystandaky diplomatiki missiýalary bilen geçiren duşuşygynda mälim etdi.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, mundan öň, has dogrusy 5-nji aprelde gazak baş diplomatynyň G.Berdimuhamedowyň saparynyň 12-nji aprelde amala aşjakdygy dogrusyndaky maglumatlary peýda bolupdy.

Şol pursat Gaýrat Abdrahmanow: “Özbek prezidentiniň ýakynda Gazagystana eden sapary şowly geçdi. Golaýda bize Türkmenistanyň prezidenti geler. Duşuşyk Astanada geçer” diýipdi.

Prezident Nursoltan Nazarbaýewiň çakylygy esasynda amala aşýandygy aýdylýan bu saparyň senesiniň üýtgedilmeginiň sebäpleri dogrusynda hiç hili maglumat berilmeýär. Türkmenistanyň resmi mediasy bolsa bu barada asla-da dymýar.

Gazak metbugatyndaky habarlardan çen tutulsa, türkmen prezidentiniň saparynyň dowamynda, beýleki meseleler bilen birlikde, Gazagystanyň agro-senagat kompleksini ösdürmek boýunça 2017-2021-nji ýyllar üçin kabul eden döwlet ösüş programmasy-da maslahat ediler.

Gepiň gerdişine bellesek, 2015-nji ýylyň ahyrynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy $178 milliona deň bolup: gazak tarapy $114,5 million, türkmen tarapy hem $63,7 million möçberinde eksport etdiler. Gazagystandan, esasan, demir we agaç önümleri, kalsiý-fosfat, un ýaly harytlar import edilen bolsa; Türkmenistan öz gezeginde, aglaba, nebit-gaz önümlerini we pomidorlary eksport edipdir.

Iki ýurduň arasynda: Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýoly, şeýle-de Merkezi Aziýa-Hytaý gazgeçiriji ýaly umumy proýektleri bar.

Şol bir wagtda, 413 km. serhet araçägi bolan iki ýurduň arasyndaky ýeňilleşdirilen serhet düzgüniniň hem türkmen tarapynyň inisiatiwasy bilen ýygy-ýygydan ýapylýandygy dogrusynda maglumatlar gowuşýar.

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky diplomatiki gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda ýola goýlupdy.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, türkmen lideri soňky gezek Gazagystanda 2013-nji ýylyň 10-11-nji maýy aralygynda bolupdy.

XS
SM
MD
LG