Sepleriň elýeterliligi

‘Aty çykan’ Berdimuhamedow baýragyny we peşgeş atlary atşynaslara eçildi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa şenbe güni sekiz sany saýalama bedew sowgat berildi we ol Türkmen bedewiniň gününiň hormatyna guralan baýramçylyk atçapyşygynda pellehana birinji gelip, ýeňiji boldy.

Türkmen bedewiniň güni, ahal-teke atlarynyň şanyna guralýan baýramçylyk Türkmenistanda her ýylyň apreliniň soňky ýekşenbesinde bellenýär we şondan bir gün öň “Ýylyň iň owadan ahal-teke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirilýär.

Prezident Berdimuhamedow bu çäreden öň guralan ýaryşda ýurduň her welaýatyndan we paýtagt Aşgabatdan bolan alty sany tejribeli çapyksuwar bilen bäsleşige çykdy.

TDH beýleki alty çapan tejribeli çapyksuwarlaryň öz çapjak atlaryny özleriniň seýisländigini aýdýar. Emma prezidentiň çapan atyny – Mirasy döwlet baştutanynyň agtygy, ýaş seýis Kerimguly 'okuwdan boş wagtynda' seýisläpdir.

Türkmen metbugaty Kerimguly Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylda ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde ilkinji ýeňiji bolandygyny ýatladýar.

Atlar 1,2 kilometr aralykda güýç synaşdylar. Atçapyşyk Aşgabadyň etegindäki Ahal-teke atçylyk toplumynyň aýlawynda geçirildi.

“7-nji belgide çykyş edýän milli liderimiz iň soňky öwrümde atynyň badyny has güýçlendirdi we öňe saýlanyp başlady, soňra bolsa beýleki halypa çapyksuwarlardan arany has-da açdy hem-de haýran galdyryjy netije bilen pellehana geldi. Netije – 1 minut 25 sekunt!” diýip, TDH habar berdi.

Netijede, türkmen prezidenti “ýaryşda ýokary ussatlyk we maksada okgunlylyk görkezendigi üçin” baş baýraga - “Toyota Land Cruiser Prado” awtoulagyna mynasyp boldy.

Çapyşykda gazanan awtoulag baýragyndan başga, bu şenbede Berdimuhamedowa “minnetdar ýaşaýjylaryň adyndan” - her welaýatdan we Aşgabat şäherinden, harbylaryň we kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň, şeýle-de ýurduň ähli atşynaslarynyň adyndan saýlama ahal-teke atlary sowgat berildi.

Mundan öňki ýyllarda hem prezidente onlarça ahal-teke aty peşgeş berlipdi we onuň athanasyndaky atlaryň sanynyň näçä ýetendigi metbugatda açyk aýdylmaýar.

Emma bu gezek öňki ýyllardan tapawutlylykda, prezident özüne berlen awtoulag baýragyny we peşgeş atlary Türkmenistanyň atşynaslaryna bermegi “maksadalaýyk tapdy”.

Ýöne prezidentiň 2013-nji ýylda hem baýramçylyk bäsleşiginde ýeňiş gazanyp alan pul baýragyny “Türkmen atlary” döwlet birleşigine berendigini bellemek gerek.

Türkmen mediasy ahal-teke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginde Halkara ahal-teke atçylyk sport toplumynyň Meleguş atly atynyň ýeňiji diýlip yglan edilendigini habar berdi. Ol at Türkmenistanyň prezidentiniň Baş baýragyna we göçme Kuboga eýe boldy.

2006-njy ýylyň aýagynda, ozalky prezident S.Nyýazowyň ölüminden soň prezident bolan Berdimuhamedow soňky on ýylda ýurtda sportsmen, aýdymçy we kompozitor, awtosürüji, atşynas, ussat çapyksuwar hökmünde tanaldy. Şeýle-de ol, dermanlyk ösümlikler, haly sungaty, çaýyň peýdasy we beýlekiler barada on ýylda 40 çemesi kitap ýazdy.

Şol bir wagtda Türkmenistan Merkezi Aziýada we dünýäde iň bir ýapyk ýurtlaryň biri hasaplanýar. Bu ýurt dünýäde gaz gorlary boýunça dördünji orunda durýar, emma BMG-nyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň ilaty garyplyk ýagdaýynda ýaşaýar. Hukuk goraýjylar Berdimuhamedowy adam hukuklaryny bozmakda, oppozisiýany basyp ýatyrmakda we söz azatlygyny bogmakda aýyplaýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG