Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Döwlet dükanlaryndaky çilim bir bar, bir ýok


Illýustrasiýa

Aşgabadyň döwlete degişli dükanlarynda çilim birnäçe gün satuwa çykarylandan soň, gaýtadan ýitirim boldy.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleriniň aýtmagyna görä, döwlete degişli dükanlarda ýa-da söwda nokatlarynda indi 30-njy aprelden bäri çilim satylmaýar.

“Iň soňky gezek çilimi 29-njy aprelde satyn aldyk. Döwlet dükanlarynyň haýsyna barsaň, häzir çilim tapdyrmaýar. Satyjylardan çilim haçan satylar diýip sorasaň-da, anyk jogap berip bilenoklar” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran aşgabatly çilimkeş aýdýar.

Paýtagtyň Mir 2/2 etrapçasyndaky 79-njy dükanyň, Mir 2/1 etrapçasyndaky 3-nji dükanyň, “Türkmenbakaleýanyň” Oguzhan köçesiniň ugrundaky dükanlarynyň, Köşidäki 20-nji we 22-nji dükanlaryň işgärleri çilimiň näme sebäpden dükanlara ugradylmaýandygy barada ýolbaşçylar tarapyndan özlerine hiç hili maglumat berilmeýändigini Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmelerine gürrüň berdiler.

“Biz Aşgabatdaky söwda edaralarynyň ýa-da ‘Türkmenabakaleýanyň’ ýolbaşçylaryndan ‘alyjylar çilim soraýarlar, biz näme jogap bereli?’ diýip soranymyzda, olar biziň ýüzümizi alyp, ‘söwda ediljek bolsa ederis. Siz özüňize eltilen harytlary satmak bilen boluň’ diýdiler” diýip, Oguzhan köçesiniň ugrundaky döwlete degişli dükanlaryň biriniň müdiri aýtdy.

Ol söwda işgäri üç aýa golaý arakesmeden soň, apreliň aýagynda gaýtadan satylyp başlanan çilimiň ýene satuwdan aýrylmagynyň ýurtda maý aýynyň “Temmäkä garşy göreş aýy” diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşyklydygyna ynanýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistanda indi bir ýyldan gowrak wagt bäri, ýagny 2016-njy ýylyň martynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol goýan karary esasynda, ýurda temmäki önümlerini getirmegiň we satmagyň ähli ygtyýarlygy diňe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine berleni bäri çilim ýurduň döwlete degişli dükanlarynda käte satylyp, käte-de satuwdan aýrylýar.

Şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen prezident saýlawlaryndan bir hepde çemesi öň, döwlet dükanlarynda çilimiň satuwy ýene doly ýatyrylypdy. Aprel aýynyň ahyrynda bolsa, çilim täze nyrhdan, ýagny 19 manatdan däl-de, 25 manatdan gaýtadan satuwa çykdy.

Şonda käbir dükanlarda günde 1 sagat, käbirlerinde 40 minut satylan çilimi almak üçin, dükanlaryň arka gapylarynyň agzynda 200-e golaý adamdan ybarat nobatlar emele geldi.

Bu nobatlara polisiýanyň, Döwlet Howpsuzlyk gullugynyň, şäheriň, etrabyň söwda guramalarynyň işgärleriniň hem-de Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň işgärleriniň gözegçilik edendigini Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri aýtdylar.

Şol bir wagtyň özünde, ýurtda ýörite lisenziýasy bolmadyk hususy eýeçilikdäki dükanlaryň çilim söwdasyny etmegine gadagançylyk girizilendigine garamazdan, çilimiň hususy dükanlardaky söwdasynyň aç-açan diýen ýaly dowam edýändigi aýdylýar. Bu dükanlarda döwlet eýeçiligindäki çilimler tas iki esse gymmada, ýagny ortaça 45 manada, ýewropa ýurtlarynda we Dubaýda öndürilen käbir çilimler 85-120 manatdan satylýar.

Ýerli synçylaryň we çilimkeşleriň ençemesi ýurtda temmäkä garşy döwlet derejesinde göreş alnyp barylsa-da, çilimkeşleriň sanynyň azalmaýandygyny, munuň deregine, pes hilli temmäki önümlerini çekýänleriň sanynyň köpelýändigini aýdýarlar.

14-nji martda Berdimuhamedow “Türkmenistanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreş boýunça çarçuwaly konwensiýasyny durmuşa geçirmegiň 2017-2021-nji ýyllar üçin, Milli maksatnamasyny taýýarlamak hakyndaky” karara gol çekdi.

Şonda türkmen mediasy “zyýanly endikleri ýok etmek we Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurda öwürmek maksady bilen... Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreş boýunça çarçuwaly konwensiýasyny Türkmenistanda durmuşa geçirmegiň ýakyn bäş ýyl üçin, Milli maksatnamasynyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny habar berdi.

Türkmenistan Bütindünýä Saglyk guramasynyň “Temmäkä garşy göreşmek” boýunça çarçuwaly konwensiýasyna 2011-nji ýylyň maýynda goşulypdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG