Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Welaýatlardan Aşgabada gelýän ulaglar üçin ýörite awtoduralga gurulýar


Aşgabadyň golaýyndaky barlag nokady.
Aşgabadyň golaýyndaky barlag nokady.

Aşgabadyň birnäçe kilometr gündogarynda welaýatlardan paýtagta gelýän ulaglary saklamak üçin ýörite awtoduralganyň gurluşygy amala aşyrylýar diýip, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri habar berýärler.

Paýtagtyň Polisiýa ýol gözegçilik gullugynyň jogapkär işgäriniň we gürrüňi edilýän awtoduralganyň gurluşygyny alyp barýan hususy firmanyň inženeriniň aýtmagyna görä, Aşgabatdan ortaça 15 kilometr uzaklykda Gäwers düzlüginde ýerleşýän awtoduralganyň gurluşygyna 10 gün çemesi ozal başlanyp, onuň gyssagly tamamlanmagyna garaşylýar.

“Bu awtoduralganyň gurluşygyny juda gysga wagtda , iýun aýynyň ahyryna çenli tamamlamak talap edilýär. Onda 3000-e çenli ulagy ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de, bu ýerde Türkmenistanyň Migrasiýa gullugyna, Milli howpsuzlyk gullugyna, polisiýa gullugyna niýetlenen jaýlar hem bolar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran hususy gurluşyk firmanyň inženeri aýdýar.

Bu inženeriň we Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň bir işgäriniň sözlerine görä, awtoduralganyň gurulmagynyň düýp maksady “Aziada-2017” oýunlary başlamazdan bir ýa-da bir ýarym aý çemesi ozal, ýurduň Mary, Lebap we Ahal welaýatyndan gelýän awtoulaglaryň Aşgabat şäherine girmeginiň öňüni almak bilen baglanyşykly.

“Aziadanyň öňýanynda, Aşgabada degişli bolmadyk awtoulaglary, ýük ulaglary we beýleki ulaglaryň hiç biri paýtagta goýberilmez. Şol awtoulaglar täze gurulýan awtoduralgada saklanar. Aşgabada gelýän ýaşaýjylar şol ýerde awtoulagyndan düşenden soň, olaryň el goşlary we şahsyýetini anyklaýan dokumentleri hem barlanar. Sähel şübheli adamlar Aşgabat şäherine goýberilmän, yzyna dolanmaga mejbur ediler. Dokumentleri we beýleki zatlary talaba doly gabat gelýän adamlar ýörite awtobuslar bilen paýtagtyň belli bir bölegine eltiler. Şondan soň, olar soňky barjak ýerlerine özleri ýol aşmaly” diýip, Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň bir işgäri aýdýar.

Polisiýa işgäri bu talabyň ýurduň Balkan, Daşoguz welaýatlaryndan we Ahalyň Bäherden, Gökdepe ýaly obalaryndan gelýän ýaşaýjylar üçin hem degişlidigini, bu sebitden gelýänleriň Çoganly şäherçesiniň golaýyndaky awtoduralgada saklanjakdygyny sözüniň üstüne goşdy.

“Türkmenistanyň günbataryndan we demirgazygyndan gelýän ýaşaýjylaryň awtoulaglary Aşgabadyň demirgazygyndaky, Çoganly şäherçesinden ortaça 4 kilometr daşlykdaky öňki awtoduralgada saklanar. Ol ýerdäki ýük ulaglary täze awtoduralga geçiriler. Şondan soň, ol ýerde-de Gäwers düzlüginde ýerleşjek awtoduralgadaky düzgün hereket eder. Bu ýagdaý iýul aýynyň ortalaryndan, tä oktýabr aýyna çenli dowam eder” diýip, polisiýa resmisi aýtdy.

Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilýän mesele dogrusynda, Türkmenistanyň içeri işler ministrligi we Aşgabat şäher häkimligi bilen habarlaşanda, bu maglumaty tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistanda welaýat belgili awtoulaglary paýtagta goýbermezlik bilen baglanyşykly çäre 2015-nji ýylyň aýagyna başlanypdy. Şonda bu çäräniň Türkmenistanyň bitaraplygynyň 20-nji ýyl dönümine görülýän taýýarlyklar bilen baglydygy aýdylypdy.

Şol ýyly Bitaraplyk baýramynyň yz ýany, paýtagtda welaýat belgili ulaglara edilýän gözegçilik belli derejede gowşan bolsa-da, geçen ýylyň dekabr aýyndan başlap, bu çäre gaýtadan möwjedi.

Ýerli synçylaryň käbiriniň aýtmagyna görä, häzirki wagt regionlardan Aşgabada gelen awtoulaglaryň polisiýa tarapyndan saklanmagy üçin, olarda welaýat belgisiniň bolmagy ýeterlik. Aşgabatly syçny we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bu gözegçilikleriň we çäklendirmeleriň güýçlendirilmegi sebäpli, häzirki wagt paýtagtdaky welaýat belgili ulaglaryň sanynyň juda azalandygyny aýdýar.

Soňky aýlarda Türkmenistanda V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyklaryň çäginde, birnäçe işler amal edilýär. Olaryň arasynda paýtagty “köne ulaglardan” arassalamak, olimpiýa şäherçesiniň golaýyndaky jaýlaryň eýwanlaryna açylmaýan penjireleri oturtmak, sähel sölpi, ýagny tagaşyksyz görünýän raýatlary saklamak we döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärleriň zähmet haklaryndan ortaça 15%-niň saklanmagy ýaly çäreler bar.

Şu ýylyň 17-27-nji sentýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna mundan ençeme ýyl öň taýýarlyk görlüp başlanypdy. Türkmenistan bu halkara bäsleşigine häzire çenli azyndan 7 milliard amerikan dollary möçberinde maliýe serişdesi harçlady.

XS
SM
MD
LG