Sepleriň elýeterliligi

PF: Türkmenistanda ilerleme bolsa-da, duýduryş ýagdaýy dowam edýär


Parahatçylyk fondunyň “Dünýäniň gowuşgynsyz ýurtlarynyň indeksi 2017” atly hasabatynda, Türkmenistan tendensiýa bölüminde ilerleme görkezýän, ýöne hakyky alamaty boýunça duýduryş ýagdaýyndaky ýurtlaryň hatarynda ýerleşdirildi.

Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän Parahatçylyk fondunyň 15-nji maýda ýaýradan ýyllyk hasabatynda, Türkmenistan 178 ýurduň arasynda 86-njy oruna eýe boldy. Türkmenistan bu sanawda 2016-njy ýylda 83-nji, 2015-nji ýylda 78-nji orunda we töwekgelçilikli ýurtlaryň toparynda ýerleşdirilipdi.

Şu ýyl 13-nji gezek köpçülige hödürlenen bu hasabatda dünýä ýurtlarynyň sosial, ykdysady, syýasy ýagdaýyny görkezýän 12 sany kategoriýa esasynda baha kesgitlenilýär. Şeýle-de, onda uruşlaryň, parahatçylyk ylalaşyklarynyň, tebigy betbagtçylyklaryň we syýasy hereketleriň ýurdy nähili durnuksyzlyga ýa-da ýykylmaga itekläp biljegine syn berilýär.

Hasabata görä, 2016-njy ýyldaky netijelerden bäri Birleşen Ştatlar (158-nji) şu ýyl dünýäde gowuşgynsyzlyk taýdan has ýaramazlaşan on üçünji ýurt hasaplansa, Efiopiýa (15-nji), Meksika (88-nji) we Türkiýe (64-nji) görkezijisi iň köp ýaramazlaşan döwletleriň hatarynda agzalýar.

Maglumatda Birleşen Ştatlar hakyky alamaty boýunça durnukly ýurtlaryň hatarynda ýerleşdirilse-de, onuň sosial we syýasy basyşlar boýunça has gowuşgynsyz ýagdaýa öwrülýändigi nygtalýar.

Parahatçylyk fondy Türkiýäniň 2017-nji ýylda görkezijisi iň köp ýaramazlaşan üçünji döwletdigini aýdyp, muňa geçen ýylyň tomus paslynda başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygy synanyşygynyň yz ýany, syýasy oppozisiýa we azat media edilen basyşlardan soň, ýurduň awtoritar we liberal däl dolandyryşa ugrukmagynyň sebäp bolandygyny belleýär.

Türkiýäniň dolandyrylyşyndaky meselelerden başga-da, Siriýadaky konflikt ýurduň serhet çäklerine durnuksyz täsirini dowam etdirýär diýlip, hasabatda nygtalýar.

Parahatçylyk fonduna görä, dünýäniň iň gowuşgynsyz ýurdy diýlip 1-nji orunda Günorta Sudan ýerleşdirilip, iňňän uly töwekgelçilik astyndaky ýurtlaryň hataryna Somali, Merkezi Afrika respublikasy, Ýemen, Sudan, Siriýa, Kongo demokratik respublikasy, Çad, Owganystan we Yrak hem girýär.

Hasabatda dünýäniň iň durnukly ýurdunyň, geçen ýylda bolşy ýaly, ýene Finlýandiýadygy aýdylyp, iň durnukly döwletleriň hatarynda Norwegiýa, Şweýsariýa, Daniýa, Şwesiýa, Irlandiýa, Awstraliýa we Islandiýa hem ýerleşdirilipdir.

Bu sanawda Merkezi Aziýa ýurtlary duýduryş ýagdaýyndaky ýurtlaryň hatarynda ýerleşdirilip, Özbegistan 63-nji, Täjigistan 61-nji, Gyrgyzystan 65-nji, Gazagystan 113-nji orunda getirildi. Azerbaýjan bolsa 81-nji we Russiýa Federasiýasy 67-nji oruna eýe boldy.

Parahatçylyk fondy düýbi Waşingtonda ýerleşýän garaşsyz, hiç bir partiýa degişli bolmadyk we girdejisiz barlag we bilim guramasy bolup, dünýäde ýowuz konfliktiň öňüni almagyň we durnukly howpsuzlygy üpjün etmegi goldamagyň üstünde işleýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG