Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan IP-TW-niň rus telekanallaryny çäklendirýär


Aşgabat. Döwlet eýeçiligindäki "Turkmentelekom" çanak antennalaryň ýerine kabel telewidenýiesini ornaşdryýar. 15 fewral, 2015.
Aşgabat. Döwlet eýeçiligindäki "Turkmentelekom" çanak antennalaryň ýerine kabel telewidenýiesini ornaşdryýar. 15 fewral, 2015.

Türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlaryň habar serişdelerine, has anygy olarda ýaýradylýan başgaça pikir-garaýyşlaryň türkmen raýatlaryna elýeterli bolmagyna garşy alyp barýan göreşlerini dowam etdirýärler.

Azatlygyň ýerli çeşmeleriniň berýän maglumatyna görä, soňky döwürde goparylan çanak antennalaryň ýerine hödürlenen IP-telewideniýesiniň berýän telegepleşikleri hem görnetin çäklendirilip başlandy.

Bu aýdylýanlary “Türkmensitanyň Hronikasy” neşiri hem tassyklaýar we öz çeşmelerine salgylanyp, Türkmenistanda Orsýetiň TNT, TNT+4, TNT+7, “TNT Komediýa” we “Pýatnisa” telekanallarynyň gepleşiklerini görüp we diňläp bolmaýandygyny habar berýär.

Şeýle-de neşir türkmen häkimiýetleriniň ilatyň hususy eýeçiligindäki çanak antennalaryny sökdürip, olary IP-telewideniýesine geçirmegiň “Azatlyk” radiosynyň gepleşiklerini diňletmezlik bilen bagly bolandygyny, sebäbi hemra antennalaryna kontrollyk edip bolmaýandygyny ýatladýar.

Emma indi, ýurt içinden gelýän habarlarda aýdylmagyna görä, raýatlaryň degişli tölegleri eden IP-telewideniýesi hem çäklendirilýär we bu ýagdaýyň sebäpleri barada abunaçylara resmi düşündiriş berilmeýär.

Şol bir wagtda, rus telekanallary öz gepleşiklerinde Türkmenistan hakynda aýdylýan tankydy pikirler üçin “gyrkylýar” diýen pikirler hem eşidilýär.

Azatlyk radiosy bu mesele barada ýerli synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Türkmenistan IP-TW-niň rus telekanallaryny çäklendirýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:50 0:00


XS
SM
MD
LG