Sepleriň elýeterliligi

Öňki wise-premýer Mämmedowa Mejlisiň başlygynyň orunbasary boldy


Mejlis, Aşgabat

Türkmenistanyň parlamentiniň başlygynyň täze orunbasary bellendi.

Resmi maglumatlara görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken kanunlarynyň esasynda Gurbangül Baýramowa wise-spiker wezipesinden boşadylypdyr, onuň ýerine Gülşat Mämmedowa bellenipdir.

Parlamentiň spikeriniň orunbasarynyň “Türkmenistanyň Mejlisi hakynda” kanunyň 12-nji maddasynyň esasynda geçirilen açyk ses berişligiň netijesinde bellenendigi habar berilýär. Bu çäre 3-nji iýunda Mejlisiň bäşinji çagyryşynyň 21-nji maslahatynda amala aşyryldy.

Resmi maglumata görä, Mejlisiň başlygynyň orunbasary Türkmenistanyň baş kanunynyň 80-nji maddasyna laýyklykda saýlanypdyr we bu wezipä Gülşat Mämmedowa bellenipdir.

Gülşat Mämmedowa mundan öň Türkmenistanyň bilim ministri we hökümet baştutanynyň medeniýet hem köpçülikleýin habar beriş serişdeler boýunça orunbasary wezipelerde işläpdi.

Türkmenistanyň Mejlisi bäş ýyllyk möhlet bilen saýlanýan 125 agzaly kanun çykaryjy organy bolup, 2007-nji ýyldan bäri Akja Nurberdiýewanyň ýolbaşçylygynda dolandyrylýar.

Mejlisiň başlygynyň täze orunbasarynyň bellenmegi syýasy kadrlar çalşygynyň nobatdaky tapgyryna gabat geldi.

1-nji iýundaky Döwlet howpsuzlyk geňeşinde ýurduň baş sudýasy Begenç Çaryýew wezipesinden boşadylyp, prezidentiň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary institutynyň ýolbaşçylygyna bellenipdi. Onuň ýerine Baş suduň ýolbaşçysy wezipesine bellenen Gylyçmyrat Hallyýew 2015-nji ýyldan bäri prezidentiň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary institutyna ýolbaşçylyk edipdi.

Şeýle-de, prezidentiň karary bilen Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow ýurduň adam hukuklary we halkara gumanitar hukuklary boýunça halkara borçlaryny ýerine ýetirmegini üpjün etmek boýunça pudakara komissiýasyna bellendi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG