Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan BMG-ä energiýa howpsuzlygy, ekologiýa we ösüş ugrundan bil baglaýar


BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

13-nji iýunda Aşgabatda geçirilen duşuşygyň netijesinde türkmen ýolbaşçysy ýurduň energiýa howpsuzlygy meselesinde Birleşen Milletler Guramasynyň goldawyna bil baglaýandygyny mälim etdi.

“Biziň ýurdumyz BMG bilen bu problema boýunça aktiw aragatnaşygyny dowam etdirer we munuň bilen baglylykda biz Size, hormatly Baş sekretar, Siziň bu meseledäki goldawyňyza bil baglaýarys” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şeýle-de resmi maglumatlara görä, Berdimuhamedow Türkmenistanyň BMG bilen durnukly ösüş we howanyň maýlamagyna garşy we ekologiýany goramak boýunça işleşjekdigini aýtdy.

Şol bir wagtda-da Türkmenistanyň döwlet mediasynyň maglumatlarynda “Türkmenistan - Birleşen Milletler Guramasynyň sebitdäki daýanç nokady” diýlip nygtaldy.

Antoniu Guterrişiň regiona saparynyň öňüsyrasynda adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary ony ýurtda adam hukuklarynyň problemalaryna ünsi çekmäge çagyrdylar.

Türkmen türmelerinde dereksiz ýiren onlarça adamyň ykbaly barada maglumat berilmegi ugrunda iş alyp barýan “Olary diri görkeziňi!” atly halkara kampaniýasy BMG-niň Baş sekretarynyň we BMG-niň adam hukuklary boýunça baş komissarynyň adyna ýazan beýannamasynda “sizi Türkmenistanyň liderleri, şol sanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygyňyzda, türkmen häkimiýetlerinden, ýurduň türmelerinde adamlaryň zor bilen ýitirim edilmeginiň masgaraçylykly tejribesini dessine bes etmegi talap etmek üçin, öz ygtyýaryňyzy ulanmaga çagyrýarys” diýlip bellenýär.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Aşgabatda Türkmenistanyň prezidenti bilen geçiren gepleşiginde adam hukuklary problemasynyň gozgalyp-gozgalmandygy resmi maglumatlarda mälim edilmedi.

“Human Rights Watch” (HRW) guramasy 7-nji iýunda çap eden beýannamasynda Guterrişi “Merkezi Aziýanyň liderlerine basyş edip, takyk öňegidişlikleri, şol sanda gynamalaryň, demonstrasiýalara hem söz azatlygyna basyşlaryň soňuna çykmagy talap etmäge” ündedi.

BMG-niň Baş sekretary 8-nji Merkezi Aziýa regionyna saparyny Gazagystandan başlady, soň Özbegistana, Gyrgyzystana we Täjigistana bardy.

12-nji iýunda Duşenbede Täjigistanyň prezidenti bilen geçiren duşuşygynda Guterriş bu ýurtda adam hukuklarynyň ýagdaýyny gozgady we hususan-da, BMG-niň Täjigistany BMG-niň adam hukuklary boýunça rekomendasiýalaryny berjaý etmegine ýardam berjekdigini mälim etdi.

1992-nji ýylda BMG-ä agza bolup, raýat azatlyklaryny üpjün etmek boýunça halkara borçnamalaryň ençemesini öz üstüne alan Türkmenistan halkara guramalarynyň hasabatlarynda ýyllarboýy dünýä derejesinde adam hukuklaryny iň gödek depeleýän ýurtlaryň arasynda agzalýar.

XS
SM
MD
LG