Sepleriň elýeterliligi

Baha dawalary Aşgabadyň nebit-gaz önümçiligini azaldýar


Gaz dabarasyna gatnaýşan türkmen oglany, Şatlyk, 31-nji maý, 2010

Türkmenistan 2016-njy ýylda özüniň iň esasy eksport harydy bolan gaz önümçiligini 4 prosent azaltdy diýip, finmarket.ru neşiri 13-nji iýunda BP kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berdi.

BP Türkmenistanda nebit önümçiliginiň hem möçberiniň azaldylandygyny habar berýär.

Aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň gaz önümçiligi 69,6 mlrd kub. m. bolanlygyndan 66,8 mlrd kub.m. bolupdyr.

Finmarket.ru mundan öň türkmen gaz önümçiliginiň 7 ýyl ozal, 2009-njy ýylda azaldylandygyny, şonda Russiýa Federasiýasyna Türkmenistandan gaz eltýän “Orta Aziýa-Merkez” geçirijisinde bolan partlamany ýatladýar. Neşiriň maglumatyna görä, gaz geçirijisi ýarylanyndan soň türkmen gazynyň önümçiligi tas iki esse azalyp, 66,1 mlrd kub.m. bolanlygyndan 36,4 mlrd kub.m. derejesine aşak düşdi.

“Orta Aziýa-Merkez” gaz geçirijisinde 2009-njy ýylyň aprel aýynda bolan partlama çenli Orsýet Türkmenistanyň esasy gaz alyjysy bolup durýardy we “Gazprom” ýylda satyn alan 40-45 milliard kubometr türkmen gazyny Ukraina we Günbatar Ýewropa akdyrýardy.

Bu partlama uzak möhletli gaz şertnamasyny baglaşan iki tarapyň arasynda ikitaraplaýyn aýyplamalaryň başlanmagyna sebäp boldy. Resmi Aşgabat geçirijiniň Moskwanyň aýtman-diýmän gaz almagyny kesmegi netijesinde partlandygyny aýtdy, Moskwa bolsa, Ýewropada gaz talabynyň azalandygyny aýdyp, türkmen gazyna zerurlygyň azalýandygyny öňe sürdi.

Şondan bir ýyl soň, Orsýetiň pozisiýasyna laýyklykda, Türkmenistandan satyn alnynýan gazyň möçberi azaldylyp, ýylda 11 milliard kubometre getirildi.

Bu ýagdaý we soňy bilen gazyň bahasy üstünde dörän ylalaşmazlyklar Türkmenistanyň rus tarapyny “durnuksyz hyzmatdaş” hökmünde aýyplamagyna alyp geldi.

Mysal üçin, 2015-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanyň Nebit-gaz pudagynyň websaýtynda çap edilen makala “Gazprom” kompaniýasyny ikitaraplaýyn şertnamalary yzygiderli bozmakda aýyplady.

“Orsýet tarapy 2015-nji ýylda satyn alýan türkmen gazynyň möçberini ýylda 11 milliard kubometrden 4 milliarda çenli azaldýandygyny ýene-de hiç hili delillendirmezden yglan etdi” diýip, türkmen tarapy aýtdy.

Türkmen gaz önümçiliginiň 2009-njy ýyldan bäri ikinji gezek azaldylmagy Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasynyň türkmen gazyny satyn almagyny 2016-njy ýylyň ýanwaryndan ymykly kesmegi bilen bagly diýip, soňky çykan habarlarda aýdylýar. Sebäbi şondan öň “Türkmengaz” Russiýa 2,8 mlrd kubmetr gaz iberýärdi.

Habarlarda aýdylmagyna görä, 2016-njy ýylda Hytaýa iberilýän türkmen gazynyň möçberi 27,7-den 29,4 mlrd kubmetre çenli köpeldi.

Rus neşiriniň ýazmagyna görä, Hytaýa iberilýän gazyň köpelmegi Russiýa iberilýän gazyň kesilmeginiň, Eýrana iberilýän gazyň bolsa azalmagynyň öwezini dolduryp bilmedi. Netijede, türkmen gaz eksportynyň umumy möçberi 38,1 mlrd kubmetrden 37,3 mlrd kubmetre aşak düşdi diýip, habarda aýdylýar.

Mundanam başga, Türkmenistan 2017-nji ýylyň ýanwaryndan, baha hem-de bergi dawalary esasynda, Eýrana iberýän gazyny hem kesdi.

Emma muňa garamazdan, resmi Aşgabat TOPH gaz geçiriji proýektiniň öz territoriýasyndan geçjek böleginiň gurluşygyny dowam etdirýär. Şol bir wagtda-da Aşgabat golaýda öz ilatyna berýän ýeňilliklerini, şol sanda mugt ýa arzan gazynyhem kesmek kararyna geldi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG