Sepleriň elýeterliligi

Daşky gurşawyň hapalanmagy adamlaryň wagtyndan öň ölmegine sebäp bolýar


Illýustrasiýa

Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynda daşky gurşawyň hapalanmagy zerarly ýüze çykýan keselleriň netijesinde, ýylda 1,4 million adamynyň wagtyndan öň ölmegine sebäp bolýar diýip, Bütindünýä Saglyk Guramasynyň Ýewropa býurosynyň başlygy nygtady.

Žužanna Ýakab Çehiýada geçýän Daşky gurşaw we saglygy saklamak boýunça ministrlikleriň derejesindäki altynjy maslahatda, ýokarky görkezijileriň regiondaky ähli ölümleriň 15%-ni emele getirýändigini hem sözüne goşdy.

“Ösüşiň depginli döwründe biziň daşky gurşawyň hapalanmagy netijesinde ýüze çykýan, 1,4 million ölümiň öňüni almaga mümkinçiligimiz bar. Munuň üçin saglyk meselelerini hökümet dolandyryşynyň ähli pudaklarynda iň esasy wezipeleriň hataryna goşmalydyrys” diýip, Bütindünýä Saglyk Guramasynyň Ýewropa býurosynyň başlygy Žužanna Ýakab çykyş etdi.

Ýewropa bilen birlikde, Merkezi Aziýa ýurtlarynda-da daşky gurşawyň hapalanmagy zerarly, adamlaryň möhletinden ir ölýändigi baradaky maglumatlaryň fonunda, gürrüňi gidýän sebitde ýerleşýän Türkmenistan daşky gurşaw, ekologiýa meselelerine milli we ähliumumy derejede ähmiýet berýändigini nygtap gelýär.

Şu aýyň başynda Aşgabatda “Merkezi Aziýada daşky gurşaw we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlyk etmek üçin başlangyç” atly Halkara ekologiýa forumy hem geçirilipdi.

Şu ýylyň fewralynda Britaniýanyň ‘The Eco Experts’ energetika kompaniýasy özüniň ýaýradan hasabatynda, Türkmenistany dünýäniň iň zäherli howaly ýurtlarynyň hataryna girizipdi. Hasabatda dünýäniň 135 ýurdunda howanyň hapalygy, energiýa serişdeleriniň peýdalanylmagy ýaly ýagdaýlary göz öňünde tutulyp, howanyň zäherlilik derejesi boýunça ýörite sanaw düzülipdi.

Hasabatda Türkmenistan dünýäniň iň zäherli howaly ýurtlarynyň arasynda agzalyp, ol ýedinji orunda ýerleşdirildi. Şeýle-de, hasabatdaky maglumatlardan çen tutulsa, Türkmenistanda howanyň zäherliligi sebäpli her ýylda her 100 müňe 108 adam ölýär.

Mundanam başga, geçen ýyl Bütindünýä Saglyk guramasynyň çap eden interaktiw kartasynda-da, Türkmenistan howanyň hapalanan, adam saglygy üçin howply ýurtlaryň hatarynda görkezilipdi.

Emma türkmen resmileri we döwlet mediasy daşky-gurşawyň we ekologiýanyň esasy üns merkezinde saklanýandygyny aýtsalar-da, ýurtda howanyň hapalanmagy bilen bagly nähilidir bir meseläniň bardygy dogrusynda kelam agyz söz aýtmaýarlar.

Bu aralykda, Türkmenistanda Ekologiýa howpsuzlygy boýunça ýörite kanun güýje girdi. Onda ýurt raýatlarynyň saglyk we ýaşaýyş üçin amatly şertlerde ýaşamaga, şeýle-de ýaşaýan sebitindäki ekologiki howpsuzlyk ýagdaýy barada takyk maglumatlary almaga hakynyň bardygy aýdylýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG