Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda çilimiň bahasy 70 manada ýetdi


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Aşgabatda çilim barha gytalyp, hususy eýeçilikdäki dükanlarda iň arzan çilimiň bir gutusynyň bahasy 70 manada ýetdi.

Ýatladyp geçsek, mundan öň ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň üsti bilen Germaniýadan, Türkiýeden we Ermenistandan getirilen çilimler döwlet eýeçiligindäki dükanlarda ortaça 25 manatdan satylan bolsa, hususy dükanlarda 45 manada durýardy.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky çeşmeleriniň aýtmagyna görä, döwlet eýeçiligindäki dükanlarda çilim indi iki aýa golaý wagt bäri düýbünden satylmaýan bolsa, hususy dükanlarda hem ol öňküsi ýaly aç-açan tapdyrmaýar.

Ýerli synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew hususy eýeçilikdäki dükanlarda Russiýada, Gazagystanda, Birleşen Arap Emirliklerinde hem-de Günorta Koreýa respublikasynda öndürilen çilimleriň peýda bolandygyny we olaryň bahasynyň-da barha gymmatlaýandygyny aýdýar.

“Soňky bir hepdäniň dowamynda bu çilimleriň bahasy has gymmatlady. Olaryň iň arzany, meselem, Gazagystanda ýa-da Koreýada öndürilen çilimleriň bir gutusynyň bahasy 70-75 manat aralygynda” diýip, synçy Bugaýew aýtdy.

Ýöne ol ABŞ-da ýa-da Şwesiýada öndürildi diýilýän çilimleriň bahasynyň has-da gymmatdygyny, olaryň bir gutusynyň azyndan 110-120 manat aralygyndadygyny sözüniň üstüne goşdy.

“Hronika Türkmenistan” neşiri hem öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, şu ýylyň maýynda yglan edilen “Temmäkä garşy göreş aýynyň” tamamlanandygyna garamazdan, döwlet eýeçiligindäki dükanlarda henizem çilimiň satylmaýandygyny habar berdi.

Neşiriň 16-njy iýunda beren maglumatynda ýurtdaky gadagançylyga garamazdan, hususy eýeçilikdäki dükanlarda çilimiň satuwynyň dowam edýändigi, emma onuň bahasynyň 2-3 esse gymmatdygy bellenilýär.

Ýatladyp geçsek, geçen ýylyň martynda Türkmenistanda temmäki önümlerini getirmegiň we satmagyň ähli ygtyýarlygy diňe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine berleni bäri, döwlet dükanlarynda çilim iň soňky gezek şu ýylyň aprel aýynyň 29-na satylypdy.

Mundanam başga, ýurtda çilime girizilen çäklendirmeleriň çäginde, türkmen raýatlarynyň ýurduň daşyndan özi üçin çilim alyp gelmek mümkinçiligi-de çäklendirildi. Meselem, mundan alty aý çemesi ozal daşary ýurtdan Türkmenistana gelýän her bir raýat öz ýany bilen 20 guty çilimi getirip bilen bolsa, şu ýylyň başynda bu 2 guta çäklendirildi.

Muňa garamazdan, ýurtda temmäkä garşy ençeme tapgyr çäklendirmeleri girizip, oňa garşy döwlet derejesinde göreş yglan edilse-de, çilimkeşleriň sanynyň azalmaýandygyny, oňa derek “pes hilli” temmäki önümlerini ulanýanlaryň ýa-da nasa geçýänleriň sanynyň artýandygyny ýerli synçylaryň we çilimkeşleriň ençemesi aýdýar.

“Çilimkeşleriň sany azalanok. Ýöne halys çykgynsyz ýagdaýa düşenlikleri üçin çilimkeşleriň belli bir bölegi nasa geçdiler. Aýtmaklaryna görä nasyň-da bahasy gitdigiçe gymmatlamak bilen bolýar. Naskeşler ‘öň 1 manada durýan nasyň bahasy häzir 5 manada ýetdi’ diýýärler” diýip, Bugaýew aýtdy.

Türkmenistan Bütindünýä Saglyk guramasynyň “Temmäkä garşy göreşmek” boýunça çarçuwaly konwensiýasyna 2011-nji ýylyň maýynda goşulypdy.

Şu ýylyň 14-nji martda bolsa, Berdimuhamedow “Türkmenistanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreş boýunça çarçuwaly konwensiýasyny durmuşa geçirmegiň 2017-2021-nji ýyllar üçin, Milli maksatnamasyny taýýarlamak hakyndaky” karara gol çekdi.

XS
SM
MD
LG