Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: “Goýum” bank hasaplary raýatlaryň ýazga duran ýerinde açylmaly


Türkmenistanyň banklary tarapyndan berilýän plastik kartlar

Aşgabadyň banklarynda, hususan-da, Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynda raýatlaryň ýurduň beýleki sebitlerinde ýaşaýan ene-atalary ýa-da dogan-garyndaşlary üçin açdyran ýörite maksatly “Goýum” diýlip atlandyrylýan bank hasaplary ýapylyp başlandy.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, häzirki wagt raýatlardan gürrüňi edilýän görnüşdäki bank hasaplaryny, şol bank hasaby kimiň adyna açylýan bolsa, ony şol adamyň pasportda ýazga duran ýerindäki bank şahamçasyndan açmak talap edilýär.

Aýdylmagyna görä, şu hepdäniň başyna çenli paýtagtlylar ýurduň banklarynda özüniň obada ýaşaýan ene-atasy üçin “pensiýa hasabyny” ýa-da dogan-garyndaşy üçin “toý hasabyny” açdyryp, şol ýere her aý belli bir möçberdäki pul serişdesini goýup bilýärdiler. Şol pul serişdesi pensiýa üçin niýetlenen bolsa, onuň üstüne ýylda 12%, toý üçin niýetlenen bolsa 3% münýärdi.

“Halkbank” döwlet täjirçilik bankynda obada ýaşaýan kakasynyň adyna “pensiýa hasabyny” açdyran bir aşgabatlynyň aýtmagyna görä, bu bankyň paýtagtyň Parahat-1 etrapçasyndaky şahamçasynyň işgärleri “biz mundan beýläk sizden şeýle goýumlary alamyzok. Öňki goýumlary prosenti bilen, öz wagty gelende yzyna alarsyňyz. Bu bank hasabyny hem adyna açylan adam nirede ýazga duran bolsa, şol ýerde gaýtadan açyp bilersiňiz” diýýärler.

“Bank işgärlerinden munuň sebäpleri barada soranymda, olar maňa ‘bu bize ýokardan berlen görkezme. Biz şol görkezmäni berjaý edýäris. Bu ýurt boýunça kabul edilen düzgün. Biz size artykmaç informasiýany berip bilemizok’ diýip, jogap berdiler” diýip, adynyň efirde tutulmazlygyny soran aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.

Bu barada Azatlyk Radiosy “Halkbankyň” Parahat-1 etrapçasyndaky şahamçasy we merkezi edarasy bilen habarlaşanda, haýsydyr bir kommentariý almak başartmady.

Emma ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň käbirleri ýurtda bir welaýatdan başga welaýata ýa-da şäherdir obalara pul ugratmak üçin niýetlenen döwlet aragatnaşyk edaralarynyň sanynyň juda çäklidigine we olaryň hyzmatlarynyň aşa gymmatdygyna ünsi çekip, bu täze düzgüniň adamlaryň durmuşyny has-da kynlaşdyrjakdygyny aýdýarlar.

“Häzirki wagt ýurtda paýtagtdan beýleki obadyr etraplara resmi görnüşde diňe döwlet eýeçiligindäki “Türkmen poçtanyň” üsti bilen pul ugradyp bolýar. Biz bu edaranyň hyzmatlaryndan peýdalansak, uly ýitgä galýarys. Sebäbi ugradýan pulumyzyň 12%-ni, eger puluň möçberi uly bolsa, onda 20%-ni poçta hyzmaty üçin diýip ýörite tutup alyp galýarlar. Ýurduň başga regionlaryna pul ugratmak üçin döwlet tarapyndan göz öňünde tutulan başga hyzmat hem ýok. Bu adamlaryň durmuşyny kynlaşdyrmak üçin edilen ýene bir çäre” diýip, aşgabatly ýaşaýjy zeýrenýär.

Soňky iki ýyla golaý wagtyň dowamynda Türkmenistanda bank hasaplaryny açdyrmak, olardaky puly nagtlaşdyrmak we bir welaýatdan beýleki welaýata ýa-da ýurduň daşyna pul ugratmak bilen baglanyşykly hyzmatlara dürli çäklendirmeler girizildi.

Geçen ýylyň başyndan bäri ýurtda raýatlaryň “Western Union” arkaly daşary ýurtlara ugradýan pulunyň möçberi çäklendirilip, bu degişlilikde 300 amerikan dollary bilen 1000 amerikan dollary aralygynda diýlip kesgitlendi.

Şol bir wagtyň özünde, häzirki wagtda raýatlar daşary ýurtlardaky dogan-garyndaşlary tarapyndan öz şahsy bank hasabyna ugradylan daşary ýurt walýutasyny (puly) diňe türkmen manadynda alyp bilýärler. Şeýle-de çagalary daşary ýurtlarda okaýan ene-atalaryň hem pul ugratmak mümkinçiligi çäklendirilip, olar her aý diňe çäkli möçberdäki puly ugradyp bilýärler.

Mundanam başga, şu ýylyň başyndan başlap Türkmenistanyň banklarynda raýatlaryň bank hasaplaryna we döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärleriň plastik kartlaryna gelen puluň 1%-den 3%-ne çenli bölegi bank hyzmatlary üçin diýlip tutulyp başlandy.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, ýokarda gürrüňi edilýän meseleler dogrusynda Türkmenistanyň media serişdelerinde kelam söz aýdylmaýar.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG