Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ýurdy myhmanlara ýokardan görkezmegi teklip edýär


Aşgabatda köçe süpürýän aýal

Türkmenistanyň prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna gelen myhmanlara Aşgabady we beýleki ýerleri görkezmek üçin dikuçarly syýahatçylyk hyzmatlaryny gurnamagy teklip edýär.

Wise-premýer Annageldi Garajaýew Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde ýurtda iýul aýynda guraljak medeni-köpçülik çäreleri, täze binalaryň açylyş dabaralary barada hasabat berdi diýip, TDH habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, iýul aýynda Galla baýramy, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli teatrlarda, muzeýlerde, çagalar dynç alyş merkezlerinde, saglygy goraýyş edaralarynda maslahatlary, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Garajaýew planlaşdyrylan çäreleriň birnäçesiniň öňde duran sport forumyna – Aziada-2017-ä bagyşlanýandygyny belledi.Mysal üçin, Aziada-2017-ä bagyşlanyp Aşgabatda aýdym-sazly sport dabarasy, Aşgabatda hem-de welaýatlarda 29-njy iýulda V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 50 gün galmagy mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler.

Ýatladýarys, prezident Berdimuhamedow 15-nji iýunda, Aşgabadyň ýokarsyndan dikuçarly gözegçilik edeninden soň, Aziada 50 galanda döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň işe welosipedli gelmegini teklip edipdi.

Şeýle-de indi prezidentiň kellesine şol dikuçarlary gezelençden soň başga bir ideýanyň, daşary ýurtly myhmanlara hem Aşgabady ýokardan görkezmek pikiriniň gelendigi belli boldy.

Prezident Berdimuhamedow bu pikirini dile getirmezden öň, ozalky mejlislerde bolşy ýaly, iýulda geçiriljek baýramçylyk çäreleriniň, medeni-köpçülikleýin dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini tabşyrdy.

Döwlet baştutanynyň ynanjyna görä, bu çäreler türkmen halkynyň “ruhy mirasyny bütin dünýäde wagyz etmäge ýardam berer”.

Prezident soňra wise-premýerler A.Garajaýewe we B.Annameredowa ýüzlenip, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek günlerinde Aşgabada geljek syýahatçylar üçin elýeterli bahadan dikuçar syýahatçylygyny gurnamagy teklip etdi.

Mundan öň sentýabrda geçiriljekAziýa oýunlarymynasybetli Aşgabada geljek myhmanlaryň ýurtda erkin syýahat edip, islän ýerlerine özbaşdak baryp bilmejegi, ýagny olaryň ýörite ýolbeletleriň ugratmagynda syýahat etmeli boljagy barada maglumat ýaýrapdy.

Indi, prezidentiň sözlerinden çen tutulsa, Aziýa oýunlary mahalynda ýurda gelen myhmanlara ýörite öňünden bellenen dikuçar marşruty teklip ediljege çalym edýär.

Berdimuhamedow bu teklibini syýahatçylara ýokardan paýtagty, Olimpiýa şäherjigini we olaryň daş-töweregini, beýleki täsin we gözel ýerleri görkezmegiň möhümdigi bilen düşündirýär.

Mundanam başga prezident V Aziýa oýunlaryna syýahatçy çekmek üçin wagyz-mahabat çäreleriniň güýçlendirilmegine çagyrdy.

Bu tabşyryk esasynda wise-premýerler häzirden başlap Türkmenistan, ahalteke bedewleri, ýurduň ajaýyp tebigaty, türkmen halylary, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy hem-de taryhy ýadygärlikler barada söhbet açýan owadan kitapçalary taýýarlamaga başlar.

Şu aralykda 22-nji iýunda Türkmenistanda boks boýunça milli birinjilik ugrundaky ýaryşyň başlanandygy, onuň açylyşynda dünýä belli boks çempiony Konstantin Szýuyň gelendigi habar berildi.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG