Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hukuk toparlary Merkezi Aziýa hökümetlerini gynamalary bes etmäge çagyrýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Gynamalara sezewar edilenleri goldamagyň halkara gününde, adam hukuklaryny gorap çykyş edýän halkara guramalarynyň ençemesi Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň häkimiýetlerini adam gynamalaryny bes etmäge çagyryp, ýörite beýanat çap etdi.

26-njy iýunda edilen bu çagyryş Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Täjigistanda gynamalara garşy koalisiýalar, Merkezi Aziýada adam hukuklarynyň assosiasiýasy, adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” topary we adam hukuklary boýunça Halkara hyzmatdaşlygy guramasy tarapyndan bilelikde ýaýradyldy.

Agzalýan hukuk goraýjy toparlar Merkezi Aziýa döwletleriniň häkimiýetlerine adam gynamalarynyň öňüni almaga, onuň jogapkärlerini jezalandyrmaga we pida bolanlaryň öwezini dolmaga, şol sanda olary kompensasiýa bilen üpjün etmäge çagyrýarlar.

Beýanatda soňky ýyllarda Merkezi Aziýa döwletleriniň dogry ugra tarap käbir ädimleri kesgitläp, has-da pozitiw çäreleri kabul etmäge wada berendigine üns çekilýär. Şeýle-de, bu babatda Türkmenistanyň kanunlarynda adam gynamalaryna jenaýat hökmünde garalmagy we tussaglaryň garaşsyz medisina barlaglary bilen üpjün edilmegi ýaly oňyn ädimleriň göze ilýändigi aýdylýar.

“Emma şol bir wagtda, bu oňyn üýtgeşiklikler heniz iş ýüzünde durmuşa geçirilmedi we beýleki esasy problemalar hem saklanyp galýar. Adam gynamalary we olara ýowuz daralmagy Merkezi Aziýa ýurtlarynda uly problema bolmagynda galýar” diýlip, adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlaryň beýanatynda nygtalýar.

2016-njy ýylda Adam gynamalaryna garşy döwlete degişli däl guramalaryň koalisiýasynyň tussaglaryň gynalmagy bilen baglanyşykly Gazagystanda 163, Gyrgyzystanda 112 we Täjigistanda 57 hadysany hasaba alandygy aýdylýar.

Beýanatda gynamalara pida bolan adamlaryň ýa-da olaryň dogan-garyndaşlarynyň aglabasynyň ýurtdaky repressiýadan gorkup, ýa-da adalata ýetmek umydyny ýitireni sebäpli şikaýat etmeýändigine üns çekilip, ýokardaky sanlaryň “buz dagynyň diňe üstki bölegini” şöhlelendirýändigi aýdylýar.

Maglumatda Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýapyk ýurtdygy nazara alnanda, bu döwletlerde gynamalara sezewar edilen adamlaryň sany barada anyk maglumaty çaklamagyň kyndygy bellenilýär.

Emma muňa garamazdan, Türkmenistandan garaşsyz çeşmeleriň berýän maglumatynda, ýurtda adam gynamalarynyň giň gerimde saklanyp galýandygy we Türkmen aklawçylarynyň halkara assosiasiýasynyň derňewleriniň netijelerinde, ýurtda tussag edilen adamlaryň 90%-niň fiziki ýa-da psihologiki basyşa sezewar edilýändigi bellenilýär diýlip, beýanatda nygtalýar.

Maglumatda aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýurtda adam gynamalary ýa-da olara ýowuz daralmagy bilen baglanyşykly wakalary hasaba almaýar we ministrlik öz maglumatynda adam gynamalary bilen baglanyşykly hasaba alnan hiç bir jenaýat derňewiniň ýokdugyny belleýär.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän halkara guramalarynyň beýanatynyň soňunda, Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunda, adam gynamalary bilen baglanyşykly derňewleriň örän seýrek ýagdaýda netijeli amala aşyrylandygy aýdylyp, bu döwletleriň hiç birinde bu baradaky şikaýatlary derňeýän garaşsyz edaranyň hem döredilmändigi nygtalýar.

XS
SM
MD
LG