Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky “Central Hospital” we “Ýimpaş” MHM-e “geçer”


Aşgabatdaky ozalky “Central Hospital” türk keselhanasy. Arhiw surat
Aşgabatdaky ozalky “Central Hospital” türk keselhanasy. Arhiw surat

Aşgabatdaky “Central Hospital” türk keselhanasynyň mundan iki aý töweregi öň ýapylmagy bilen, häzir onuň ýurduň Milli Howpsuzlyk Gullugynyň (MHM) garamagyna geçjekdigi barada maglumatlar peýda boldy.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň kanun goraýjy edarlaryna ýakyn çeşmesiniň berýän maglumatyna görä, bu sentýabr aýynda paýtagtda geçjek “Aziada-2017” oýunlaryna görülýän howpsuzlyk taýýarlyklary bilen bagly. Ynamdar türkmen resmisiniň aýtmagyna görä, ozalky türk keselhanasynda ýörite güýçler ýerleşdiriler.

Bu maglumaty beýleki garaşsyz çeşmelere tassyklatmak başartmasa-da, häzir ozalky “Central Hospital” keselhanasynyň binasynyň türkmen hökümetiniň eýeçiligine geçendigi aýdylýar. Bu binadaky lukmanlarynyň biriniň adyny atlandyrmazlyk şerti bilen beren maglumatyna görä, keselhanadan ozalky daşary ýurtly lukmanlaryň bary diýen ýaly gidip, häzir saglygy saklaýyş merkeziniň diňe çaga dogurylyş bölümi işleýär.

Efirde adynyň tutulmagyny soran işgär bu binanyň soňy bilen MHM-niň garamagyna geçip-geçmejekdigi baradaky soraga jogap bermekden saklandy.

Şol bir wagtda, ozalky “Central Hospital” keselhanasynyň binasy birlikde, geçen ýylyň aýagynda, türkmen hökümetiniň eden basyşlary sebäpli ýapylmaga mejbur edilendigi aýdylýan “Ýimpaş” söwda merkeziniň we “Ýimpaş täjirçilik merkeziniň” hem güýç ulanyjy edaralaryň garamagyna geçendigi barada ynamdar maglumatlar bar.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Goranmak we Içeri işler ministrligindäki biri-birinden dürli çeşmeleriň tassyklamagyna görä, häzir ýokarda agzalan edaralara Içeri işler ministrligi gözegçilik edýär.

Aýdylmagyna görä, bu binalarda hem “Aziada-2017” döwri güýç edaralarynyň çalt hereket edýän ýöriteleşdirilen bölümleri ýerleşdiriler.

Gepiň gerdişine bellesek, bu maglumatlary resmi türkmen wekillerine ne inkär etdirmek, ne-de tassyklatmak başartdy.

Olimpiýa şäherjiginiň golaýyndaky binalaryň güýç edaralarynyň garmagyna geçmegi baradaky habarlar bilen birlikde, bu sebitde indi Aşgabatdaky harby ýokary okuw jaýlarynyň harby talyplary hem gije sagatdan 12:00-den ir sagat 06:00-a çenli gözegçiligi amala aşyryp başladylar.

Ýerli ýaşaýjylaryň Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna aýtmagyna görä, harby talyplar protokol köçeleriniň ugrundaky jaýlardan girip-çykýanlara dykgat edip, sähel şübhe döredýänleri saklap hem başlapdyrlar.

Azatlyk Radiosynyň ozal hem ençeme tapgyr maglumat berşi ýaly, Aşgabatda sentýabryň 17-27-si aralygynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öňýanynda, howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilip başlandy.

Mundan iki aý çemesi ozal, ýörite gulluklaryň ýa-da polisiýanyň işgärleri tarapyndan Aşgabatda ýaşaýan öňki tussaglara Aziýa oýunlarynyň geçirilýän sebitine barmazlyk, bu sport çäresi geçýänçä ol ýerde “görünmezlik” tabşyryldy. Şeýle-de, soňky aýlarda pasportda Aşgabatda ýazga durmadyk welaýatlylary yzarlamak, olary öz ýaşaýan sebitlerine ugratmaklyk hem güýçlendirildi.

XS
SM
MD
LG