Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow özbek işewürlerini TOPH gazgeçiriji proýektine goşulmaga çagyrdy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Özbegistanyň işewürlerini Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gazgeçiriji proýektine goşulmaga çagyrdy.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu teklibini Aşgabatda Özbegistanyň premýer-ministri Abdylla Aripow bilen geçiren gepleşiginde öňe sürendigini TDH döwlet habar agentligi mälim etdi. Şeýle-de, Özbegistana Türkmenistanyň Hazar deňzindäki nebit-gaz ýataklaryny özleşdirmäge gatnaşmagyň hödürlenendigiaýdylýar.

Türkmenistandan tebigy gazy Owganystanyň üstünden Pakistana we Hindistana akdyrmak boýunça gaz geçirijini gurmak barada bu dört ýurduň arasynda 2015-nji ýylda gol goýlan ylalaşyga görä, umumy uzynlygy 1814 kilometrlik gazgeçiriji arkaly ýylda 33 milliard kubometr gaz akdyrylar.

Özbegistanyň TOPH proýektiniň operatory bolup biljekdigini 14-nji iýunda “Özbeknebitgaz” kompaniýasynyň başlygy Alişer Sultanow mälim etdi.

“Türkmen tarapyndan TOPH-a goşulmak hakynda teklip edildi” diýip, Kommersant.uz Sultanowy sitirledi.

Özbegistanyň “Özbeknebitgaz” kompaniýasynyň azerbaýjanly we türkmenistanly kärdeşleri bilen bilelikde Hazar deňziniň suwasty giňişliklerinde bilelikdäki proýektleriň birnäçesini amala aşyrmagy planlaşdyrýandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG