Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň prezidenti Türkmenistana sapar etdi


Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani (s) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (ç), Kabul, 27-nji awgust, 2015
Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani (s) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (ç), Kabul, 27-nji awgust, 2015

Owganystanyň prezidenti Muhammet Eşref Gany ýokary derejeli hökümet toparyna ýolbaşçylyk edip, 3-nji iýulda Türkmenistana resmi sapar etdi.

Aşgabatda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda ençeme ylalaşyga gol goýulýar. “Türkmen – owgan resmileriniň arasynda parahatçylyk we howpsuzlyk meselesi bilen bagly-da gürrüň ediler” diýip, resmiler aýdýar.

Prezident Ganynyň Türkmenistana eden bu sapary demirgazyk Owganystanda howpsuzlyk şertleriniň çylşyrymly derejede ýaramazlaşýan pursadyna gabat geldi.

Owganystanyň prezident edarasynyň Metbugat wekili Şahüseýin Mürtezewiniň Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, haly senedini ösdürmek boýunça iki ýurduň arasynda ylalaşyga gol goýulýar.

– Türkmenistan demirgazyk Owganystanyň Jöwüzjan welaýatynyň Garkyn we Hamýap etraplarynyň ýaşaýjylaryny-da elektrik togy bilen üpjün eder. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky uniwersiteti bilen Jöwüzjan welaýatynyň uniwersitetiniň arasynda-da ylmy aragatnaşyklar ýola goýulýar. Türkmenistan Owganystanyň ýakyn goňşusy we dostudyr. Türkmenistan owgan halkyna ynsanperwer kömekleri edýär. Türkmenistan Badygys welaýatyna-da elektrik toguny bermegi planlaşdyrýar – diýip, Mürtezewi aýdýar.

– Prezident Ganynyň Türkmenistanda amala aşyrýan bu saparynyň ähmiýeti örän uludyr. Türkmenistan Owganystanda howpsuzlyk şertleriniň çalt kadalaşmagyny isleýär. Türkmenistan Owganystanda asudalygyň ornaşmagy boýunça-da öz goşandyny goşup biler. Türkmenistan bilen hususan-da ykdysady gatnaşyklary ösdürmek biz üçin örän möhümdir. Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasynda howpsuzlyk we terrorizme garşy göreş meselesi-de gozgalar – diýip, Mürtezewi aýtdy.

Farýap welaýatynyň welaýat geňeşiniň sekretary, deputat Akmuhammet Nury Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda ylmy gatnaşyklar ýola ýoýulsa gowy boljakdygyny öňe sürdi.

“Türkmenistan Owganystanda ýaşaýan türkmenleriň arasynda türkmen diliniň we türkmen edebiýatynyň ösmegi boýunça kömek etse gowy bolardy” diýip, deputat towakga edýär.

– Bu gün Owganystanyň prezidenti Türkmenistana - ata Watanymyza, goňşy ülke Türkmenistana sapar edýär. Owganystan Türkmenistan döwleti tarapyndan elektrik toguny alyp haýyrlanyp otyr. Farýap welaýaty bar, Jöwüzjan welaýaty bar, bu ýerde köprägem türkmen halky ýaşaýar. Türkmeniň ýaşaýan welaýatlarynda, etraplarynda elektrigiň çekilmedik ýerlerem bar. Meselem, Garkyn, Hamýap etraplary şu wagta çenli elektrik toguny alanokdy. Ine, şu ylalaşykdan soň, bu etraplara-da elektrik togy çekilip, bu ýerde ýaşaýan halklaryň köprägi türkmen bolany üçin, olaram öýlerini ýagtyldyp biljekler. Türkmenistan döwletiniň bu ykdysady kömeklerinden peýdalanjaklar.

Ýatladyp geçsek, owgan prezidenti Aşraf Ganiniň Aşgabada edýän bu sapary, Owganystanyň Türkmenistan bilen serhedinde howpsuzlyk şertleriniň ýaramazlaşan mahalyna gabat geldi.

20-nji iýunda “Yslam döwleti” (YD) ekstremist topary Owganystanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän we Türkmenistan bilen serhetleşýän Jöwüzjan welaýatynyň Darzap etrabyny basyp alandygyny öňe sürüpdi.

Beýleki toparlar ‘YD-yň’ etraby doly öz eýeçiligine geçirendigi bilen ylalaşmasa-da, bu ýerde aýratyn bellemeli ýagdaý, ‘YD’ ilkinji gezek demirgazyk-günbatar Owganystanda bir etraby basyp alandygyny öňe sürdi.

21-nji iýunda Jöwüzjan welaýatynyň polisiýa bölüminiň başlygy Rahmatulla Türkistany Azatlyk Radiosyna: “Daeş [‘YD’] etraby dolulygyna basyp almady” diýdi.

Şeýle-de Türkistani ‘YD-yň’ Darzapda diňe bir hökümet güýçleriniň üstüne howp bolup abanmaýandygyny aýtdy. Ol: “Eýsem, hökümet güýçleri bilen bir hatarda hökümetiň tarapyndaky “ýerli ýaşaýjylardan” düzülen güýçler hem etrabyň demirgazygynda “Talybana” garşy göreşýär. Şol bir wagtyň özünde olar “DAEŞ-e”-de garşy söweşýär” diýdi.

Peýda bolan bu habarlar diňe bir owgan hökümeti üçin däl, eýsem Jöwüzjan welaýaty bilen araçäkleşýän Türkmenistan üçin hem oňlarlykly habar bolmasa-da, bu barada türkmen häkimiýeti häzire çenli haýsydyr bir beýanat ýa-da reaksiýa bilen çykyş etmedi.

Ýöne “Yslam döwleti” söweşiji toparyň Darzap etrabyndaky üstünligi Azatlyk radiosynda, Türkiýäniň Türkmenistana ‘YD’ toparyna agza bolmakda güman edilýän dört raýatyny bermegi we olaryň Türkmenistanda terror hüjümlerini planlaýandyklaryny Türkmen hökümetine duýdurmagy baradaky habaryň peýda bolmagynyň yz ýanyna gabat gelipdi.

XS
SM
MD
LG