Sepleriň elýeterliligi

 Alkogolsyz içgileriň bahasy gymmatlady


Türkmenistan. Gapydaky "koka-kola" wagzy

“Coka Cola Türkmenistan”kompaniýasynyň öndürýän alkogolsyz içgisi bolan koka-kola önüminiň bahasynyň soňky iki hepdäniň dowamynda ýokarlanandygy barada maglumatlar bar.

Ýakynda Türkmenistanyň V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan habar beriş serişdelerinde “LG international CORP” we “Coka Cola Türkmenistan” kompaniýalarynyň şu ýylyň 17-nji sentýabrynda Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça başlanjak V Aziýa oýunlaryna ýardam berjekdigi barada habar berendigini aýdyp, aşgabatly ýaşaýjy, 45 ýaşly işçi Batyr sözüni dowam edýär.

“Şeýle maglumatlar ýaýrandan soňra, Aşgabadyň söwda nokatlarynda iki hepde wagt bäri koka-kola içgisi tapdyrmady.

Tomsuň yssy günlerinde ýaşaýjylaryň suwsuzlygyny gandyrmakda iň oňat görýän içgileriniň biriniň satuwda tapdyrmazlygy, elbetde, ýaşaýjylara ýaramaz täsirini ýetirdi.

Ýöne toý-tomaşa geçirýän ýaşaýjylara öz saçaklaryny bezemekde hem koka-kolanyň ýitirim bolmagy ýakymsyz duýgulary döretdi. Bu alkogolsyz içgini haýsy dükandan tapyp bolarkan diýip, şäheriň ähli dükanlaryna aýlanyp çykan adamlar hem bolupdy.

Olar öz toý saçaklaryny bu içgi bilen bezäp, myhmanlarynyň göwnüni tapyp bilmediler. Beýleki içgiler bir ýaňa, koka-kola bir ýaňa, biz toý tutanymyzda, bu içgi tapylman duraýmalymy” diýip, toý çärelerini geçiren ýaşaýjylaryň gaty nägile bolandyklaryny Batyr aýdýar.

“Ynha, ep-esli arakesmeden soňra ilatyň söýgüli içgisi satuwda peýda boldy. Ýöne indi onuň bahasy ozalkysyndan has galarak bolup, ol satuwa çykdy” diýip, Batyr bu içgileriň tas 30 göterime ýakyn gymmatlandygyny aýdýar.

Ozal 3,50 teňňe bolan 1,5 litrlik koka-kola içgisiniň şu günler dükanlarda 4,50 teňňeden satylýandygyny, ozal 2,50 teňňe bolan 1 litrlik içginiň häzir 3 manatdan satylýandygyny ýaşaýjylardan eşitmek bolýar.

Koka-kola öndürýän zawodyň işgärleri bilen bolan söhbetdeşlikden çen tutsaň, olaryň önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagynyň sebäbi, içgileri öndürmekde ulanylýan çig mal serişdeleriniň getirilmeginde kynçylyklar ýüze çykypdyr.

“Banklar tarapyndan gelýän önümiň hasaplaşygy önümi ugradyjylar bilen wagtynda geçirilmeýär. Konwertasiýanyň möçberi azaldyldy, şol sebäpden dörän kynçylyklar önümiň bahasynyň ýokarlanmagyna getirdi” diýip, adynyň efirde tutulmazlygyny soran bu içgileri öndürýän zawodyň bir resmisi aýdýar.

Ol ýa beýleki sebäpler bilen bahalaryň galýandygyndan närazy bolýan ildeşlerimiz juda kän. Alkogolsys içgileri taýýarlaýan zawodlaryň V Aziýa oýunlaryna berjek ýardamyny hem, bahalary ýokarlandyryp, ilatyň hasabyna gazanýandyklaryny görse bolýandygyny ýaşaýjylar nygtaýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG