Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatlylar 50 günden başlanjak Aziadanyň hormatyna tigir sürýärler


Aşgabat, gyz jigisi bilen tigirli ýola çykan oglan

Şu gün, 29-njy iýulda, V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 50-gün galmagy mynasybetli Aşgabat şäherinde ähli transport gatnawlary ýatyrlyp, diňe tigirli herekete hem-de döwlete degişli jemgyýetçilik awtoulaglarynyň we döwlet taksileriniň hereketine rugsat berildi.

Döwlete degişli awtoulaglaryňam, dowlete degişli taksileryňem şäher ilaty üçin ýeterlik däldigi görünýär. Duralgalarda, ýol gyralarynda adamlar sagatlap awtobusa garaşýarlar.

Şäheriň gündogar bölegi boýunça liniýada 10-lyk belgili jemgyýetçilik awtoulaglary ýöreýär. Şäherde 1-lik belgili awtoulaglaryň hem ýöreýändigini görse bolýar. Ýöne bar bolan awtoulaglar hem öz ugurlary boýunça doly ýöremän, şäherde ýollaryň ýapyklygy sebäpli, ugurlarny üýtgetmeli boldular.

Şu günki geçirilýän tigirli hereket etmek çäresi sebäpli işe barmaly bolan işgärlerem, öz iş-aladasy bilen şähere çykan ýaşaýjylaram, Azatlygyň habarsçysy bilen sşhbetdeşlikde özleriniň gaty kösenendiklerni gürrüň berdiler.

Şeýle kösençlikleriň ýüze çykmagyndan ätiýaç edip, käbir edara-kärhanalaryň işgärlerniň düýn işden soňra öýlerne gaýtman, öten agşam edarada ýatandyklary barada hem maglumat bar.

Ýene bir bellemeli zat, tigir sürmäge islegi bolan ýaşaýjylara bir sagat üçin 10-manat töläp, prokada tigir almaga döwlet tarapyndan mümkinçilik döredilendigi aýdylýar.

Aziadanyň başlanmagyna 50 gün galanda köpçülikleýin tigirli hereket guramak çäresi prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan teklip edildi.

Türkmen mediasynyň 28-nji iýuldaky habaryna görä, Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndan dolanyp gelip, paýtagtyň Halkara howa menzilinde Ministrler kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi we 29-njy iýulda geçiriljek çärelere taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG