Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow harby 'meşhurlygyndan' soň çäreçi orunbasaryna käýinç berdi


G.Berdimuhamedow harby tälime gatnaşýar. Türkmen TW-sinden alnan surat.
G.Berdimuhamedow harby tälime gatnaşýar. Türkmen TW-sinden alnan surat.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Ministrler kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirip, 7 aýda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine seretdi hem-de wise-premýer A.Garajaýewe berk käýinç yglan etdi.

Bu käýinç türkmen telewideniýesiniň Berdimuhamedowyň harby tälim okuwyna gatnaşyp, ýaraglardan ok atmak we hanjar zyňmak ussatlygyny görkezişi barada taýýarlan wideoreportažynyň köp ýurtlaryň habar serişdelerinde gyzykly habara öwrülemginiň yz ýanyna gabat geldi​.

Ýylyň 7 aýynyň netijeleri barada aýdylanda, hökümet başlygynyň orunbasarlarynyň beren hasabatlarynda, adatça bolşy ýaly, bu gezek hem uly ösüş sanlary getirildi we telewideniýäniň diktory prezidentiň ol hasabatlary diňläp, käbir anyk tabşyryklary berendigini nygtady.

Mysal üçin, Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowyňhasabatynda geçen 7 aýyň dowamynda “jemi içerki önüm 6,4 göterim artdy” diýilýär.

Şeýle-de, wise-premýerbu döwürde “döwlet býujetiniň girdeji bölegi 11,1 milliard manada we çykdajy bölegi 10,6 milliard manada deň boldy” diýmek bilen, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň öz wagtynda tölenildigini habar berdi.

Bu habar Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň bankyň welaýat bölümlerine goýumçylaryň serişdelerine gözegçilik etmek boýunça täze çäklendirmeleri girizmek barada ýazan hatynyň syzyp çykmagynyň yz ýanyndan berilýär.

Mundan öň türkmen raýatlarynyň öz gazanan haklaryny ilki gijigip alýandygy, soň bankomatlarda nagtlaşdyryp bilmeýändigi, walýutany döwlet kursundan almak üçin daşary ýurtlarda dürli emellere ýüz urýandygy hakynda habarlar çykypdy.

Türkmen häkimiýetleri bu habarlary ne tassyklaýar, ne-de inkär edýär. Hökümetiň 7 aýyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde hem bu çykan habarlara hiç bir reaksiýa bildirilmedi.

Adynyň aýdylmazlygyny soran ýerli synçynyň pikirine görä, Berdimuhamedowyň bu mejlisde bank-maliýe ulgamynyň, oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny hiç bir belliksiz diýen ýaly kabul edip, metbugata we köpçülikleýin çärelere jogap berýän wise-premýer A.Garajaýewe käýinç bermegi biraz geň bolup görünýär.

Aşgabatly synçy prezidentiň mejlisden öň esasan bank, oba hojalyk ýolbaşçylaryndan nägile bolandygyny ýatladýar.

Garajaýew öz hasabatynda, adatça bolşy ýaly, geçirilen we geçiriljek çäreler barada habar berdi,ýylyň başyndan bäri birnäçe döwletde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň, dostlukly ýurtlaryň şeýle çäreleriniň Aşgabatda geçirilendigini aýtdy.

Şeýle-de ol Serhetçiler güni we Türkmen gawunynyň güni mynasybetli maslahatlaryň, sergileriň, aýdym-sazly dabaralaryň geçiriljekdigini habar berdi.

Emma TDH Berdimuhamedowyň sözlerini sitirläp, onuň “ýurduň innowasion ösüşini nazara almak bilen, medeniýet ulgamynyň ähli edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtadygyny” habar berýär.

Habarda anyklaşdyrylmagyna görä, prezident milli telewideniýede “täze, beýik döwrüň ruhuna kybap gelýän, şol sanda ykdysady we durmuş meselelerine bagyşlanan has dogry garaýyşlary teklip edýän, tomaşaçylarda uly gyzyklanma döredýän telegepleşikleriň” taýýarlanylmagyny isleýär.

Bu türkmen prezidentiniň milli telewideniýäniň işini ilkinji gezek tankyt edişi däl we mundan öň hem tomaşaçylary gyzyklandyrýan gepleşikleriň döredilmegi kän gezek talap edilipdi.

Şol bir wagtda, Garajaýewe berlen käýinjiň göni telewideniýe bilen baglydygy ýa däldigi anyklaşdyrylmaýar, oňa “garamagyndaky edara-kärhanalaryň işine talabalaýyk ýolbaşçylyk etmeýändigi üçin” berk käýinç berlendigi aýdylýar.

Geçen birnäçe aýda Berdimuhamedow käbir güýç gurluşlarynyň ýolbaşçylaryna gysga wagtda üçünji käýinçlerini hem beripdi we kemçilikler tiz wagtda düzedilmese, çäre görjekdigini duýdurypdy.

Belki-de Garajaýew Aziadanyň başlanmagyna 30 gün galmagynyň we Gawun baýramynyň goşalanyp,17-nji awgustda baýram edilmegi bilen, prezidentiň tabşyran Gala konsertini gowy gurnasa, diýilýän kemçilikleri düzeden hasaplanar, muny wagt görkezer.

Berdimuhamedow golaýda geçiriljek çäreler barada söz açyp, “Bu örän gowy çäreler bolar, şeýlelikde, biz Türkmen gawunynyň baýramyny belläris hem-de paýtagtymyza has-da gözellik berjek birnäçe täze desgalary açyp, ulanmaga bereris” – diýdi.

TDH-nyň maglumatyna görä, Türkmenistanda ýakyn wagtda “Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň açylyş dabarasy,Türkmen gawunynyň sergisi, V Aziýa oýunlaryna gatnaşýan ýurtlaryň milli tagamlarynyň halkara sergisi” we A.Garajaýewe ynanylan “Gala konserti” guralar.

Şeýle-de Berdimuhamedow 4-nji awgustda ýurduň garaşsyzlyk ýyllaryndaky 13-nji medeniýet ministrini (Atageldi Şamyradow) belledi we “Edebiýat we sungat” gazetiniň baş redaktoryny täzeledi. Emma bu redaktor çalşygyna hiç hili düşündiriş berilmeýär.

XS
SM
MD
LG