8-nji awgust güni Täjigistan ýurtda 90-njy ýyllarda bolup geçen raýat urşunda görnükli adamlaryň öldürilmegi, şol sanda 1999-njy ýylda ýurduň şol wagtky parlamentiniň başlygy Safarali Kenjaýewiň janyna kast edilmegi bilen Eýranyň ilteşiklidigini aýdyp, ony aýyplady.
Täjigistanyň döwlet telewideniýesinde efire berlen 45 minutlyk dokumental filmde ýurduň Içeri işler ministrligi Tähranyň Täjigistanda bolup geçen raýat urşunyň oduny körükdirendigini, onuň “Täjigistanyň yslam gaýtadan döreýiş” (IRPT) partiýasyna maliýe kömegini berendigini we agzalýan partiýa bilen ilteşikli jeňçileriň Eýranyň territoriýasynda söweş tälimini alandygyny öňe sürdi.
Ministrligiň aýtmagyna görä, Eýranyň maliýe goldawy we jana kast edişlik baradaky görkezmeleri ýurduň goranmak ministriniň ozalky orunbasary Hoji Halim Nazarzodanyň üsti bilen “IRPT-niň” söweşijilerine berlipdir. Nazarzoda 90-njy ýyllarda yslamçy oppozisiýa partiýasynyň komandirleriniň hataryndady we ol 2015-nji ýylyň sentýabr aýynda täjik paýtagty Duşanbäniň golaýynda geçirilen döwlet agdarylyşygyna garşy operasiýada öldürildi.
Täjigistanly birnäçe ilhalar adam – professor Mohammet Asimi, doktor Yusup Iraki, ýazyjy Saif Afardi, prezidentiň syýasy maslahatçysy Karim Ýuldaşow we Täjigistanyň ozalky müftüsi, şol sanda 20 rus ofiseri 1997-2004 – nji ýyllar aralygynda öldürildi.
Dokumental filmde özüni yslamçy oppozisiýanyň ozalky söweşijisi diýip tanadýan bir adam 1995-nji ýylda özüniň Eýrana gidendigini, Eýranyň Kom şäherinde 2 ýüz täjigistanly bilen bir hatarda türgenleşik geçendigini aýtdy. Ol 1997-nji ýylda syýasatçylary we jemgyýetçiligiň görnükli wekillerini öldürmek boýunça anyk görkezme bilen Täjigistana dolanandygyny aýtdy.
Özüni söweşiji diýip tanadan adamyň şahsyýetini ýa-da onuň aýdýan gürrüňleriniň çyndygyny dessine anyklamak başartmady. Post-sowet ýurtlarynda döwlet telewideniýesinde efire berilýän dokumental filmler hökümetiň tankytçylaryna ýa-da garşydaşlaryna aýyplama bildirmek üçin ulanylýar.
Täjigistanda bäş ýyllap dowam edip 1997-nji ýylda gutaran raýat urşunda Eýran bilen Orsýet araçylyk edipdi.
Gürrüňi edilýän dokumental film “Täjigistanyň yslam gaýtadan döreýiş” partiýasy boýunça Täjigistan bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlylygyň fonunda efire berildi. “Täjigistanyň yslam gaýtadan döreýiş” partiýasy uruş gutaransoň 15 ýyllap täjik parlamentinde resmi derejede çykyş etdi, ýöne ol 2015-nji ýylda Täjigistanyň Ýokary sudy tarapyndan “terrorçylykly gurama” diýlip kabul edidi.
Partiýanyň birnäçe ýolbaşçylary dürli aýyplamalar bilen uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildiler. Olar özlerine bildirilen aýyplamalara syýasy matlaply diýýärler. Bu bolsa BMG-niň we adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň ýagdaýy tankyt etmegine ýol açdy.
Mundan ozalam Täjigistan bilen Eýranyň arasynda dartgynlylyk möwjäp, Duşanbe Tähranyň diplomatlaryny Täjigistanda aşa köp işleri alyp barmakda aýyplapdy.
Ýöne dokumental filmi efire bermek bilen Duşanbe Eýrany raýat urşundan soň syýasatçylary öldürmekde we adam öldürmekligi maliýeleşdirmekde ilkinji gezek aç-açan aýyplaýar.