Türkmenistanda ýaş kadrlary işe ýerleşdirmek boýunça ýörite topar döredildi we geljekde ýaş kadrlara, ýaşaýyş jaýlaryny gurmaklary ýa-da satyn almaklary üçin, ýeňillikli bank karzlaryny almak mümkinçiligini döretmek nazarda tutulýar.
Bu komissiýa türkmenisitanly ýaşlaryň ýurtdaky syýasy-ykdysady ýagdaýlar, sosial meseleler sebäpli barha kän daşary ýurtlarda, ýokary bilim alan ýerlerinde galmaga çalyşýandygy barada ýaýran resmi bolmadyk maglumatlaryň yz ýanyndan döredilýär.
Türkmen hökümeti mundan öň hem ýaş çatynjalara jaý edinmekleri üçin ýeňillikli kredit bermek hakynda döwlet derejesinde karar kabul edipdi, emma ýerli çeşmeler bu kararyň ýerine ýetirilmändigini aýdýarlar.
Hökümet başlygynyň orunbasary Bäşimmyrat Hojamämmedow anna güni geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň we daşary döwletleriň ýokary okuw jaýlaryny tamamlan ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek boýunça taýýarlanan proýekt hakynda hasabat berdi.
TDH prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu mesele boýunça “Pudagara topar döretmek hakyndaky” karara gol çekendigini habar berýär.
Emma muňa garamazdan, täze toparyň soňky onýyllyklarda dörän işsizlik, giň ýaýran korrupsiýa şertlerinde ýaşlary işe ýerleşdirmek, olaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak babatda nähili ygtyýarlyklara eýedigi ýa ýaş kadrlaryň jaý meselesiniň häzirki ykdysady kynçylyklar ýagdaýynda haýsy serişdeleriň hasabyna çözüljekdigi anyklaşdyrylmaýar.
Ýaş kadrlary, hususan-da daşary ýurtlaryň okuw jaýlaryny tamamlan ýaşlary işe ýerleşdirmek, olaryň diplomlaryny ykrar etmek barada mundan öňki hökümet maslahatlarynda hem ençeme gezek mesele gozgaldy we görnüşinden, prezidentiň ol meseleleri çözmek barada öňki beren “anyk tabşyryklaryndan” netije çykmadyk bolarly.
Emma döwlet baştutany ýaşlaryň ýokary derejelerde işe çekilmegini “makroykdysady syýasatyň esasy maksatlarynyň biri” hasaplaýar. Şeýle-de Berdimuhamedow “ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek boýunça... göz öňünde tutulan toplumlaýyn çäreler” durmuşa geçirilse, milli ykdysadyýetiň ähli pudagynyň islegleri doly kanagatlandyrar diýip ynanýar.
Şol bir wagtda prezidentiň diýýän “toplumlaýyn çäreleri” nähili mehanizmler arkaly durmuşa geçiriljek, ýa-da işe ýerleşdirilen ýaş kadrlaryň aljak aýlyklarynyň möçberi nädip ýokarlandyryljak, bular anyklaşdyrmaýar.
Türkmenistanda garaşsyzlygyň başky ýyllaryndan bäri aýlyklaryň derejesi pesligine galýar we daşary ýurtlarda gowy bilim alan ýaşlar, okan ýerlerinde işe ýerleşseler 2-3 müň ýewro, ýa ondan hem ýokary aýlyk alýarlar, Türkmenistanda beýle mümkinçilik ýok diýip, okan ýurdunda işe galan bir türkmen studenti, adynyň aýdylmazlygyny sorap, Azatlyk radiosyna aýtdy.
Azatlygyň ýurt içindäki çeşmeleriniň we ýerli synçylaryň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistanda islendik işe girmek, şol sanda köçe süpüriji bolmak üçinem hökmany suratda “para bermeli” ýa-da degerli tanşyň, arkaň ýa goldawyň bolmaly.
Ikinji tarapdan, daşary ýurtlarda öz hasabyna okan we bilim derejesi ýurt içinde okan ýaşlaryňkydan has tapawutlanýan ýaşlara Türkmenistanda ynamsyz ýa şübheli garaýarlar, olaryň içinde işe girip bilmeýän ýa girse-de, aýlyk, iş şertleri ýa mejbury çäreler bilen baglylykda, uzak işlemän işden çykmaga, okan ýerlerine gitmäge mejbur bolýanlary hem az däl diýip, ýerli synçylar gürrüň berýärler.
Daşary ýurtlarda okan ýaşlaryň öňünden çykýan kynçylyklar, ýaşlaryň tassyklamagyna görä, olaryň diplomlarynyň ýerli häkimiýetler tarapyndan ykrar edilmek proseduralaryndan başlanýar.
"Bu ýerde Türkmenistandaky okuw jaýlarynyň programmalary bilen daşary ýurt okuw jaýlarynyň okuw programmalarynyň arasyndaky tapawutdan başga, para meselesi hem uly bökdençlik döredýär" diýip, Azatlygyň ýerli çeşmeleri habar berýär.