Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saakaşwili serhedi böwsüp, Polşadan Ukraina geçdi we Lwowa bardy


Ukraina, Saakaşwili serhetden Şehyne geçeninden soň , 10-njy sentýabr, 2017.
Ukraina, Saakaşwili serhetden Şehyne geçeninden soň , 10-njy sentýabr, 2017.

Gürjüstanyň ozalky prezidenti, Ukrainanyň Odessa regionynyň öňki gubernatory Mihail Saakaşwili, ýüzlerçe goldawçysynyň kömegi bilen, polýak serhedinden Ukraina zor bilen girdi.

Baş prokuror Ýuriý Lýutsenko 10-ny sentýabr güni giçlik Saakaşwiliniň ýurda girmegine kömek eden adamlara garşy aýyp bildiriljekdigini aýtdy. Ukrainanyň Içeri işler ministrligi serhetde bolan gapma-garşylykda 17 polisiýa ofiseriniň we serhet goragçysynyň ýaraly bolandygyny aýtdy.

Bu hadysa Polşa bilen Ukrainanyň arasyndaky Medyka-Şehyni serhet geçelgesinde, birnäçe gezek üýtgän plan çalyşmalaryndan soň boldy.

Ozal gürjüstanly, soň ukrainaly bolan Saakaşwili prezident Petro Poroşenko, ozalky goldawçysy ony iýulda ukrain raýatlygyndan mahrum edeli bäri döwletsiz adam bolup durýar.

Gürjüstanyň ozalky prezidenti özüniň ukrain raýatlygynyň ýatyrylmagyna garşy çykmak we syýasata gaýtadan girmek üçin Ukraina dolanyp gelmegi wada ýerdi we indi Ukraina bikanun girendigi üçin ýüzüniň ugruna tussag edilmek howpy bilen ýüzbe-ýüz dur. Şeýle-de ol, jenaýatda aýyplanyp, Gürjüstan tarapyndan hem gözlenilýär. Emma ol bu aýyplamalaryň syýasy äheňlidigini aýdyp, olary ret edýär.

Saakaşwiliniň Polşanyň Medyka serhet geçelgsinden geçmegine ygtyýar berildi, emma serhet goragçylary onuň ukrain tarapyna geçmeginiň öňüni almaga synandylar.

Ýöne goldawçylar mähellesi bilen daşy gurşalan Saakaşwili serhet liniýasyny böwsüp, "ýeňiş" we "Ukraina şöhrat" diýip gygyrýan adamlaryň arasy bilen pyýada Şehyni şäherine tarap ugrady.

Saakaşwiliniň goldawçylary oňa Ukraina böwsüp girmäge kömek berdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:15 0:00

"Men hemmelere sagbol aýtmak aýtmak isleýärin, biziň gahrymanlarymyzyň ählisine, bize kömek eden adamlaryň ählisine, weteranlaryň ählisine, ähli deputatlara sagbol aýtmak isleýärin" diýip, Saakaşwili serhetden geçeninden soň aýtdy. "Biziň niýetlerimiz doly parahatçylykly boldy. Siz olaryň bizi nähili prowakasiýa itekländigini gördüňiz. Siz olaryň nähili zorluga meçew berendigini gördüňiz" diýip, ol aýtdy.

Soňra ol Ukrainanyň Lwow şäherine ugur alan maşyna mündi we bu ýerde goldawçylary tarapyndan garşy alyndy diýip, AFP habar gullugy habar berdi. Ol Lwowda wagty paýtagt Kiýewe gidip-gitmejegi barada karara geljekdigini aýdy diýip, Saakaşwiliniň öz sözlerine salgylanyp habar berildi.

XS
SM
MD
LG