Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistanyň 100-den gowrak sportsmeni Aşgabada Aziýa oýunlaryna goýberilmedi


V Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň bildirişi, Aşgabat, 2017
V Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň bildirişi, Aşgabat, 2017

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Aşgabada barýan 100-den gowrak hindistanly sportsmen Deliniň halkara aeroportundan uçup bilmedi. Hindistanyň habar beriş çeşmeleriniň maglumatyna görä, 106 sportsmeniň çarşenbe güni uçara goýberilmändigine, olara Hindistanyň Sport ministrligi tarapyndan, ýörite rugsadyň berilmändigi sebäp bolupdyr.

Mälim bolşuna görä, uçara goýberilmedik hindi sportsmenleri Aşgabatdaky oýunlarda göreş, sambo, jiu-jitsu, sport tanslary, milli göreş ýaly bäsleşliklere gatnaşmalydy, bu sport görnüşleri bolsa Hindistanyň Olimpiýa assosiasiýasy tarapyndan ykrar edilmeýär.

Şunuň bilen baglylykda 106 sportsmeniň Aşgabadyň Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin rugsat alyp bilmändigi we Türkmenistana gitmändigi habar berilýär.

17-27-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryna jemi 230 hindistanly sportsmeniň gatnaşjakdygy aýdylypdy.

Hindistanyň Sport ministrligi hindistanly sportsmenleriň Aşgabatdaky Aziýa oýunlaryna gatnaşmagynyň mümkinçilikleri barada, Azatlyk Radiosynyň beren sowalyna jogap bermekden saklandy.

Şol bir wagtda-da, Hindistanyň komandasy üçin rugsat taýýarlamak işine başlanandygy barada maglumatlar 14-nji sentýabrda peýda boldy. Emma hindistanly sportsmenleriň rugsady taýýarlanýança, ýaryşlara ýetişip-ýtişmezligi açyk mesele bolmagynda galýar.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň programmasyna jemi 21 sport görnüşi boýunça, şol sanda küşt, futzal, tennis, muaý taý, sambo, göreş, jiu-jitsu, bouling, atly sport, tigirli sport, ýeňil atletika, agyr atletika boýunça ýaryşlar girýär. Şol sport görnüşleriniň azyndan 13-si olimpiýa sport görnüşi hökmünde ykrar edilmeýär.

Şeýle-de, 2005-nji ýyldan bäri geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary sportsmenlere başga iri halkara bäsdeşliklerine gatnaşmak üçin kwalifikasiýa bermeýär we olaryň reýtingine täsir ýetirmeýär.

Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň guramaçylary başda 6 müň çemesi sportsmeniň ýaryşlara gatnaşjakdygy yglan edildi. Emma oýunlaryň resmi websaýtynda çap edilen maglumatda Aziýa we Okeaniýa regionlarynyň 62 ýurdundan 4066 sportsmeniň gatnaşjakdygy aýdylýar.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary 17-27-nji sentýabrda geçiriler. Türkmenistanyň häkimiýetleri sport ýaryşynyň daşary ýurtly myhmanlaryny türkmenistanlylar bilen tötänden duşuşmakdan üzňeleşdirmek üçin, öň görlüp-eşidilmedik çäreleri amala aşyrýarlar. Türkmenistanyň ilaty üçin Aziýa oýunlary hakyky synaga öwrüldi.

Türkmenistanyň öz döwlet garaşsyzlygyny yglan edeli bäri, iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýän döwründe türkmen häkimiýetleri, bu onçakly uly bolmadyk sport çäresine dürli çaklamalara görä, 10 we 15 milliard amerikan dollary möçberinde pul sarp edipdir. Deňeşdirme üçin, Braziliýanyň Rio de Žaneýro şäherinde geçirilen soňky tomusky Olimpiýa oýunlaryna 4.6 milliard dollar möçberinde pul harçlandy.

Bellemeli ýeri, Aşgabada baryp bilmedik daşary ýurtlularyň sanawy olimpiýa sport görnüşleri bolmadyk ýaryşlara gatnaşmak üçin Türkmenistana gidip bilmedik hindistanly sportsmenler bilen çäklenilmeýär.

Azatlyk Radiosyna mälim bolşuna görä, Türkmenistanyň häkimiýetleri Günbataryň abraýly habar beriş serişdeleriniň azyndan ikisiniň žurnalistlerine Aşgabada barmaga rugsat bermändir.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň guramaçylary öň berlen akkreditasiýalaryň ýatyrylmagynyň sebäbini, bu habar beriş serişdeleri tarapyndan “gyzyklanmanyň aşa ýokary derejesi” bilen düşündiripdir.

XS
SM
MD
LG