Sepleriň elýeterliligi

Komitet gözlenýän migrantlaryň hossarlaryna haýbat atýar


Bibihal Kurbanowa, türkmen raýaty

Türkiýe türkmen migrantlarynyň agdyklyk edýän esasy ýurdy bolmagyny dowam etdirýär. Şonuň üçinem türk mediasynda yzygiderli ýagdaýda türkmenistanly migrantlaryň duçar bolýan çykgynsyz ýagdaýlary we şol sanda hossarlary tarapyndan gözlenýändigi aýdylýan dürli habarlar ýaýraýar.

Azatlyk Radiosyna ýüz tutan owalky bir organ işgäriniň sözüne görä, Türkiýä işlemäge diýip giden ogly bilen gelninden ýarym ýyldan gowrak wagtdan bäri habar alyp bilmeýändigi üçin, Lebap welaýatynyň ýerli organlaryndan kömek soranda, milli howpsuzlyk gullugynyň işgärleri kömek etmegiň deregine, gaýtam oňa haýbat atypdyrlar.

"Men Lebap welaýatynyň ýerli organlaryna, ilki polisiýa we soň hem prokuratura oglum bilen gelnimi tapyp bermegi üçin ýüz tutdym. Soň milli howpsuzlyk gullugy nädip we nireden habardar bolupdyr bilemok, meni soraga çagyrdylar. Onsoň olar maňa "Hawa, ýaşuly, näme etjek bolýaň? Ogluň bilen gelniňi näme üçin daşary ýurda iberdiň? Olary türke ibereniňde, bize näme üçin habar bermediň we indi kömek soraýarsyň? Olaryň türke işe diýip gidip, aslynda başga maksat bilen gitmedigini nireden bilýäň? Aýdyşyň ýaly işlemäge giden bolsa, ýarym ýyldan gowrak wagtdan bäri eýdip-beýdip bir habar alardyň? Bular ýaly ýagdaýda ilki bilen bize habar bermeli. Ogluň bilen gelniňden habar alyp bilmeýändigiň barasynda birden bir ýerde habar çykaýsa gaty görme, onsoň etjegimiz başga bolar. Öz çagalaryňa eýe çykmaly ekeniň-da wagtynda. Indi näme üçin gelip biziň we organlaryň kellesini agyrtýaň" ýaly sözler aýdyp haýbat atdylar" diýip, Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy aýdýar.

Ondan soň ol ogly bilen gelnini Stambulda işleýän obadaşlaryndan we şol etrapdan bolan ildeşlerinden sorag-ideg edip görendigini aýdýar. Stambulda işläp ýören obadaşlaryndan biriniň: "Ogluň bilen gelniň Kipre giden bolmagy ahmal" diýendigini hem sözleriniň üstüne goşýar. Ol Türkiýede işleýän migrantlardan habar alyp bilmeýän käbir özi ýaly hossarlara ýerli organ işgärleriniň hiç hili kömek etmeýändigini, howpsuzlyk gullugynyň bolsa kömek etmegiň deregine gaýtam migrantlaryň dogan-garyndaşlaryna "muny hiç kime aýdaýmaň" diýip, haýbat atmagynyň gaty agyr degýändigini nygtaýar.

Ýatlap geçsek, türk mediasynda bolşy ýaly, sosial ulgamlarda hem hossarlary tarapyndan idelýän türkmen migrantlary barasynda häli-şindi maglumatlar ýaýraýar. Geçen hepdäniň sişenbe güni, ýagny 12-nji sentýabrda "Facebook" sosial ulgamyndaky "Can Türkmenistan" atly toparda "Gulzar Hamraeva" atly bir migrant tarapyndan ýaýradylan bildirişde hem "Türkmenistanly Bibihal Kurbanowa atly bir migrantdan bir ýyldan bäri habar alynmaýandygy we bu sebäpden dogan-garyndaşlarynyň ondan gaty gaýgy edýändigi" aýdylyp, gören-eşidenleriň gyssagly habar bermegi haýyş edilýär.

Ýokarda agzalýan ýagdaýlar barasynda degişli türkmen resmilerinden haýsam bolsa bir kommenrariýa ýa-da jikme-jik maglumat almak Azatlyk Radiosyna başartmaýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG