Häzirki wagtda Türkmenistanda ilatyň ätiýaçlyk üçin azyk harytlaryny we ilkinji zerurlykdaky harytlary köpçülikleýin satyn alyp goýmak tejribesiniň giň ýaýrandygy habar berilýär.
Garaşsyz habar çeşmeleri, bu ýagdaý bilen bir wagtda esasy azyk önümleriniň esli gymmatlandygyny habar berýärler. Hususan-da, “Türkmenistanyň Hronikasy” atly websaýtyň maglumatyna görä, Daşoguzda bir aýyň dowamynda ýerli önüm gantyň bir kilogramynyň bahasy 2 manat 80 teňňeden 4 manat 60 teňňä ýetipdir, Orsýetde öndürilen öň bir kilogramy 12 manada satylan süýji 40 manada çenli gymmatlapdyr.
Azatlyk Radiosy bu ýagdaýyň jikme-jikleri barada gürrüň bermegi sorap, Aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýewe ýüzlendi.