Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlygyň habary Aşgabadyň "Mir bazarynyň" azyk gabawyny açýar


Gawunly gyz
Gawunly gyz

“Ýap-ýaňy Aşgabadyň Mir 1 mikroraýonyndaky bazardan geldim, ol ýere azyk ýükli maşynlary goýberip başladylar” diýip, Azatlygyň ýerli çeşmesi Aşgabatdan şu gün, 23-nji sentýabrda habar berdi.

Azatlyk radiosy mundan öň birnäçe gezek, şol sanda 22-nji sentýabrda Mir mikroraýonlar toplumynda Aziýa oýunlary bilen bagly ýapylan kiçi dükanlar, transport hereketine girizilen çäklendirmeler netijesinde bazarlardaky süýt-gatygyň we beýleki azyk önümleriniň azalýandygyny, täze harytlaryň getirilmeýändigini habar berdi.

“Azyk ýükli maşynlary goýberip başladylar. Ýöne hemmesini däl, biz teležkalarda tortlary getirýändiklerini gördük. Birnäçe ýerde beton bloklaryny süýşürdiler we “Gazel” ýaly kiçiräk göwrümli ýük maşynlaryny goýberýärler” diýip, çeşme habar berdi.

Emma ol bazardan we dükanlardan satyn alynýan agyz suwynyň henizem problemadygyny aýdýar. Agyz suwuny satmak bilen meşgullanýan firmalaryň wekilleriniň Azatlygyň habarçysyna aýtmaklaryna görä, bu mikroraýona getirýän Ýaşlar köçesi olarüçin ýapyk bolmagynda galýar.

Şol bir wagtda kwartiralara berilýän suwuň ozalkylardan gowy akýandygyny, kesilmeýändigini habar berýärler, ýöne onuň hili içmek üçin o diýen gowy däl, grantdan akýan suw bulanykm himikatlaryň ysy gelýär diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Köpler filtr, süzgüç ulanýarlar, köp adam bolsa goşmaça süzgüçden geçirilen, duzy aýrylan suw getirdýärler. Ýogsa keselçilik howpy güýçli diýip, ýurt içinden gelen maglumatda aýdylýar.

“Siziň bazaryň gabawy, azyk harytlarynyň gytalmagy barada beren gepleşigiňiz iş bitirdi, häzir bu gabaw aýrylýar. Ýöne ol ýerde, sport desgalarynda çärelere gatnaşdyrylýan adam gaty kän, olar bazara azyk, bir zatlar garbanmaküçin gelýärler, zat satyn alýarlar, hajathana girýärler, sebäbi stadiondaky eşretleriň hemmesi çäreçiler üçin doly elýeterli däl” diýip, Azatlygyň çeşmesi gürrüň berdi.

XS
SM
MD
LG