Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda mejbury öndürilýän pagtanyň halkara ýarmarkasy geçiriler


Pagtaçy çagalar

Türkmenistan 25-26-njy noýabrda pagta önümleriniň 7-nji halkara söwda ýarmarkasyny we “Türkmenistanyň pagta önümleri we Dünýä bazary” atly halkara konferensiýa geçirer diýip, bu çäräniň guramaçylary 19-njy sentýabrda habar berdiler.

Bu habar halkara “Pagta kampaniýasynyň” wekilleriniň Aşgabatda geçirilýän 5-nj Aziýa oýunlary bilen baglylykda Türkmenistany oba hojalygynda, hususan-da pagta ýygymy möwsüminde mejbury zähmetiň ulanylmagyny bes etmäge çagyran wagtyna gabat geldi.

Türkmenistan bu ýyl 1 million 50 müň tonna pagta öndürmegi planlaşdyrýar we hukuk goraýjylar türkmen häkimiýetlerini her ýyl onlarça müňbýujet işgärini, hususan-da mugallymlary we saglyk işgärlerini, işden kowmak haýbaty astynda, pagta ýygmaga ýa-da para bermäge, öz ýerine işçi tutmaga mejbur etmekde aýyplaýarlar.

Ýerli synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, Türkmenistanda sowet döwründen bäri saklanyp gelýän pagta monokulturasy, döwlet tarapyndan berilýän pagta plany ekerançylyk ýerleriniň müňlerçe gektarynyň şorladylmagyna, oba hojalygynda korrupsiýanyň çuň kök urmagyna we beýleki ekinleriň, hususan-da azyklyk ekinleriň azalmagyna getirdi.

Şol bir wagtda hökümet daşardan import edilýän gök, bakja we miwe önümleriniň hem azaldylmagyny talap edýär.

Ýurda zerur bolan azyklyk ekinleri gysmakdan başga,pagtaçylygyň mekdep, magaryf işine hem ýaramaz täsir ýetirendigi, oba ýaşlarynyň arasyndaky sowatsyzlygyň güýçlenmegine baş sebäp bolýandygyny ýadýanlar hem az däl.

Türkmenistan garaşsyz ýurt bolandan soň, ozalky kolhoz-sowhoz sistemasy ýatyryldy we daýhanlara kärendesine ýer berildi. Emma daýhanlara öz kärende ýerlerinde ekjek ekinlerini kesgitlemek, ýa-da ýetişdirilen hasyly öz islän ýerinde, özüne amatly bahadan satmak rugsady berilmedi.Netijede, ýerli synçylaryň pikirine görä, pagta plany, sowet döwründe bolşy ýaly,daýhany höweslendirmek bilen däl-de, eýsem mejbur etmek, partiýa başlygynyň ýa prezidentiň haýbaty bilen dolduryljak bolunýar.

Mysal üçin, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda pagta planyny dolmadyk häkimlere geçirimlilik bolmajagyny aýdyp, şeýle diýipdi:

“Size bir zat aýdaýyn, häkimler, bugdaý meselesinde hökümet tarapyndan elimizden gelenini etdik size, käýerde gözümizem ýumdyk. Ýöne pagtada o zat bolmaz indi...”

Berdimuhamedow bu talabyny hiç üýtgetmedi we 10 ýyldan soň, 2017-nji ýylda hem eksport edilýän önümleri, şol sanda öndürilýän pagtanyň möçberini köpeltmediklere çäre görjekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ozalky başlygy Hudaýberdi Orazowyň pikirine görä, türkmen oba hojalygynda mejbury zähmetiň saklanyp galmagy we daýhanlaryň, býujet işgärleriniň her ýyl pagta zorlugyna sezewar edilmegi sowet döwrüniň ýalňyşlyklarynyň analiz edilmezligi bilen bagly.

Ikinjiden, Orazow Türkmenistanda 1991-nji ýyldan bäri ozalky bar bolan tehnologiýalaryň hem unudylandygyny, bilimli agronomlaryň, alymlaryň galmandygyny, diňe eden-etdilige ýüz urlandygyny aýdýar.

Türkmen häkimiýetleri her ýyl prezidentiň patasy bilen başlanýan ekiş, ýygym ýa orak dabaralarynda daýhanlar üçin ähli şertiň döredilendigini gaýtalaýarlar.Emma türkmen metbugatynda daýhanlaryň alýan girdejileriniň möçberi, olaryň ýyllyk gazançlarynyň ösüşi we beýlekiler barada maglumat berilmeýär.

Ykdysatçy Hudaýberdi Orazowyň tassyklamagyna görä, soňky ýyllarda türkmen daýhanynyň öndürýän pagtasy oňa näçä düşýär, soň ol öndüren önüminden näçe gazanç edip biljek, bular barada hiç hili hasap ýöredilemeýär we ýolbaşçylar diňe öndürilen pagtany adamlardan basymrak alyp, daşaryk satmagyň aladasyny edýärler.

XS
SM
MD
LG