Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde özbek ýolagçyly awtobus otly bilen çaknyşdy, 21 adam wepat boldy


Moskwanyň gündogaryndaky demir ýol çatrygynda, içinde onlarça özbek ýolagçysy bolan awtobus bilen otly çaknyşdy. 6-njy oktýabr, 2017 ý.
Moskwanyň gündogaryndaky demir ýol çatrygynda, içinde onlarça özbek ýolagçysy bolan awtobus bilen otly çaknyşdy. 6-njy oktýabr, 2017 ý.

6-njy oktýabr güni irden, Moskwanyň gündogaryndaky demir ýol çatrygynda, içinde onlarça özbek ýolagçysy bolan awtobus bilen otlynyň çaknyşmagy zerarly 21 adam wepat boldy diýip, resmiler aýdýarlar.

Orsýetiň regional polisiýasy çaknyşygyň 6-njy oktýabrda ir sagat 3:30 töwereklerinde (Praga wagty bilen 2:30-da), paýtagtdan 190 km. daşlykda ýerleşýän Wladimir şäherine ýakyn bir otly bekediniň golaýynda bolup geçendigini habar berdi.

Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Anuar Žaýnakow Gazagystan belgilidigi aýdylýan awtobusda 55 özbegistanly ýolagçynyň we 2 gazak sürüjisiniň bolandygyny mälim etdi.

Özüniň feýsbuk sahypasynda Žaýnakow sürüjileriň biriniň ölendigini aýtdy.

Orsýetiň derňew topary ilki, azyndan 19 adamyň wepat bolandygyny, soňra bolsa pidalaryň sanynyň 16 adamdygyny, olaryň biriniň ýaş çagadygyny aýtdy.

Derňew topary beýleki ýolagçylaryň hassahana ýerleşdirilendigini, pida bolanlaryň sanynyň artmagynyň mümkindigini-de mälim etdi.

Içeri işler ministlriginiň Regional bölümi awtobus sürüjisiniň gyzyl çyrada demir ýoly kesmekçi bolandygyny habar berdi.

Metbugat sözçüsi Rita Şlýahowa awtobusyň demir ýol çatrygynda bozulyp galandygyny we heläkçilik wagty ýolagçylaryň köpüsiniň ukudadygyny aýtdy.

“Sürüji gygyrýar, 34 adam awtobusdan ony iteklemek üçin böküp düşýär. Düşenler aman galdy. Galanlar wepat boldy. Awtobus böwründen ikä bölünipdir” diýip, RIA habar gullugy Şlýahowany sitirledi.

Suratlarda parçalanan, öň tarapy dolulygyna pytran, demir bölekleri ýol ýakalarynda zyňlyp ýatan ak reňkli awtobusy görmek bolýar.

Polisiýa Nižny Nowgorotdan Sankt Peterburga barýan otylynyň içinde hiç kimiň ölmändigini habar berdi.

Awtobusyň nirä degişlidigi, onuň ugry baradaky maglumatlar birbada mälim bolmady.

Özbegistandan we Merkezi Aziýanyň ozalky sowet respublikalaryndan köp sanly adam iş gözleginde Orsýete gelýär.

Orsýetde ýol heläkçileri giň ýaýran ýagdaý we heläkçilik zerarly wepat bolýan adamlaryň sany ýokary.

25-nji awgustda Russiýanyň günortasynda, gurluşyk işçilerini daşaýan awtobusyň howpsuzlyk gorag diwaryna baryp urmagy zerarly 19 adam wepat bolupdy.

XS
SM
MD
LG