Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýanyň musulmanlary täze kanuna gaharlanýar


Fransiýanyň Pariž şäherindäki metjidiň öňünde duran polisiýa işgäri
Fransiýanyň Pariž şäherindäki metjidiň öňünde duran polisiýa işgäri

Fransiýanyň musulmanlary prezident Makronuň tagallasy bilen mejlisde kabul edilen kanuna gaharlanýar.

Fransiýanyň mejlisi köp ses goldawy bilen milli howpsuzlyk barasynda täze kanuny kabul etdi. Musulman jemgyýetiň garşy çykýan ol täze milli howpsuzlyk kanuny "döwletiň terrorçylyga garşy göreşdäki ygtyýarlygyny hasan giňeldýär".

Kanuny tankyt edýänler munuň adam hukuklary bilen azatlyklaryny çynlakaý ýagdaýda çäklendirýändigini öňe sürýärler.

Prezident Makron bolsa bu kanunyň Fransiýada yslamçylaryň döreden terrorçylykly hüjümleriniň öňüni almakda, möhüm ädim bolup durýandygyny nygtaýar.

Terrorçylykly hüjümler sebäpli 2015-nji ýyldan bäri Fransiýada 239 adam pida bolupdy.

Birnäçe gün mundan owal hem bir terrorçy Marsel otly duralgasynda 2 zenany pyçaklap, janyna kast edipdi. Yslam döwleti terror topary bolsa şol edilen hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alypdy.

Hepdäniň başynda bolsa Parižde 5 sany adam bomba taýýarlamaga synanşykda aýyplanyp, tussag edilipdir.

2015-nji ýylyň noýabr aýynda Parižde 130 adamyň pida bolmagyna getiren terrorçylykly hüjümden soň Fransiýada adatdan daşary ýagdaý yglan edildi we ol häzire çenli hem dowam edýär.

Bu adatdan daşary ýagdaý hukuk goraýjy işgärlere şübhelenen adamyny kazyýet rugsady bolmazdan saklamaga doly ygtyýar berýär.

Täze kanundan soňra, wagtlaýynça ýöredilýän şeýle düzgünleriň käbiri hemişelik ýola goýlar.

Täze kanuna görä, Fransiýanyň polisi kazyýetiň rugsadyna garaşman, şübhelileriň öýlerinde barlag geçirip biler. Şol bir wagtyň özünde, şübhe bildirilýäniň hereketini çäklendirip, hatda öý tussaglygynda hem saklap biler.

Täze kanun ýeri häkimiýetlere agzalalyga çagyryş edýän, zyýanly ideýalary ýaýradýan we olaryň neşirlerini paýlaýan, şol bir wagtyň özünde jemgyýete howply meseleleriň gürleşilýän ybadat ýerlerini ýapmaga doly ygtyýar berýär.

Kanuny tankyt edýänler bolsa muny "hemişelik adatdan daşary ýagdaý" diýip atlandyrýarlar.

Adam hukuklaryny goraýanlar Makronuň tagallasy bilen kabul edilen täze milli howpsuzlyk kanunyny berk tankyt edýärler. BMG-nyň iki resmisi bolsa, Fransiýa hökümetine "esasy azatlyklary köptaraplaýyn çäklendirýän" bu täze kanuny berk tankyt edýän hat iberipdir.

XS
SM
MD
LG