Sepleriň elýeterliligi

Ýerewan Aşgabat bilen Tähranyň gaz dawasyny çözüp, gaz almak, haryt satmak isleýär


Türkmenistan. "Şatlyk" gaz ýatagyndaky dabara gatnaşýan ogan. Arhiw suraty.

Ermenistan Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda gaz bergileri üstünde turan dawalary çözmekde araçy bolmagy teklip edýär diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri Ermenistanyň “Erkramas” neşirine salgylanyp habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, Ermenistanyň energiýa ulgamy we tebigy serişdeler ministri Aşot Manukýan Ýerewanyň bu teklibi barada 20-nji oktýabrda geçiren metbugat ýygnagynda gürrüň beripdir.

Ermeni resmisiniň sözlerine görä,Ýerewan Eýranyň üstünden türkmen gazyny almak isleýär, emma Eýranyň demirgazygynda Türkmenistan bilen Ermenistany baglanyşdyrýan göni geçiriji ýok. Diýmek, bu ýerde diňe Eýranyň geçirijilerini ulanmak galýar.

Emma Manukýan türkmen gazyny Eýranyň gaz üpjünçilik ulgamynyň üsti bilen geçirmegiň Ýerewan üçin amatly bolmaýandygyny, sebäbi eýran geçirijileriniň tranzit ýoluny üç essä golaý uzaldýandygynyaýdýar.

Ministriň pikirine görä, Ýerewanyň, Tähranyň we Aşgabadyň arasyndaky gaz söwdasynyň ýene bir mümkinçiligi bar we ol Aşgabat bilen Tähranyň arasyndaky gaz tölegleri bergisini çözmek bolup durýar.

“Biz Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky gaz tölegi gatnaşyklaryny sazlaşdyrmakda öz kömegimizi teklip etdik we olar bu teklip bilenylalaşdylar”diýip, Manukýan aýdypdyr. Onuň tassyklamagyna görä, taraplar bu söwdada alyş-çalyş usulyny ulanyp bilerler.Emma türkmen metbugatynda bu habary tassyklaýan ýa inkär edýän maglumat görünmedi.

Ermeni resmisi Türkmenistana 1,5 milliard dollardan gowrak bergisi bolan Eýranyň Ermenistana gaz iberjegini, Ýerewanyň bolsa öz gezeginde Türkmenistana Eýranyň bergisiniň ýerine başga harytlary iberjekdigini aýdýar.

Azatlyk radiosynyň ozal habar berşi ýaly, Türkmenistan 2017-nji ýylyň başynda, gaz bergileriniň wagtynda tölenmezligi üstünde turan oňuşmazlyk zerarly, Eýrana iberýän gazyny togtatdy. Şondan soň eýran metbugaty, Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň (NIGC) müdiri Hamid Reza Araginiň aýdanlaryna salgylanyp, eýran tarapynyň türkmen tarapyny halkara arbitraž suduna bermekçi bolýandygyny habar berdi.

Türkmen DIM-i bu haýbata jogap edip, türkmen-eýran gaz dawasy boýunça iki gezek resmi beýannama ýaýratdy we eýran tarapyny meseläni “syýasylaşdyrmazlyga” çagyrdy. Şeýle-de Aşgabat eýran tarapyny 2013-nji ýyldan bäri öň iberilen gaz üçin bergisini üzmekde “zerur tagallalary etmezlikde” aýyplady.

Käbir maglumatlarda Eýranyň 2006-2016-njy ýyllarda Türkmenistandan jemi 74.35 milliard kubometr gazy satyn alandygy habar berilýär.

Aşgabat bilen Tähranyň arasyndaky gaz dawasy 2016-njy ýylyň aýagynda, “Türkmengaz” Eýranyň milli gaz kompaniýasyndan $1,8 milliarddan 2 milliarda çenli bergisini üzmegini talap edende turdy we şu wagta çenli çözülmän gelýär.

Şu aralykda, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň awgust aýynda Ermenistana eden saparynda türkmen we ermeni taraplary Aşgabat bilen Ýerewanyň arasyndaky söwda, energetika... hyzmatdaşlyklaryny giňeltmegiň maslahatyny etdiler.

Maglumat üçin aýdylsa, 1990-njy ýyllarda Türkmenistan Ermenistanyň esasy gaz üpjünçileriniň biri bolupdy. Emma ermeni hökümeti Russiýanyň “Gazprom” kärhanasy bilen şertnama baglaşyndan soň ýagdaýlar üýtgedi. Häzir “Gazprom” Ermenistanyň gaz harajatlarynyň 80% töweregini üpjün edýär.

XS
SM
MD
LG