Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet boýunça derňewleriň fonunda Twitter syýasy mahabatlaryň eýelerini aýan etjekdigini aýdýar


Geçen aý Twitter Orsýet bilen ilteşikli 200 sany hasaby togtatdy.
Geçen aý Twitter Orsýet bilen ilteşikli 200 sany hasaby togtatdy.

Geçen ýyl Birleşen Ştatlarda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň dowamynda orsýetli operatiw toparlaryň goýan mahabatlaryny ýaýmakda tankyt edilýän sosial media läheňi Twitter mundan beýläk ulanyjylara syýasy mahabatlaryň eýeleriniň äşgär ediljekdigini habar berdi.

24-nji oktýabrda Twitter geljekde degişli bellikleriň syýasy reklamalara goşuljakdygyny we olaryň eýeleri baradaky maglumatlaryň ulanyjylara ýetiriljekdigini mälim etdi.

Bu habar Facebook sosial media ulgamynyň özünde giňden tomaşa edilen syýasy reklamalaryň eýeleri dogrusynda has köp maglumat berjekdigini beýan etmeginden aý geçensoň peýda bolýar.

Onlarça ýurtda esasy aragatnaşyk serişdesine öwrülen iki kompaniýa-da geçen ýyl Birleşen Ştatlarda geçirilen saýlawlarda ses berijilere täsir ýetirmek maksady bilen Orsýetde ýerleşýän operatiw toparlar tarapyndan ekspluatasiýa edilipdi.

Geçen aý Twitter Orsýet bilen ilteşikli 200 sany hasaby togtatdy. Şeýle-de, agzalýan kompaniýalar Fransiýada, Germaniýada we beýleki döwletlerde geçirilen saýlawlara täsir ýetirmek synanyşygynda öz platformalarynyň ulanylyp ulanylmandygyny derňeýändiklerini mälim etdiler.

Gürrüňi edilýän sosial media kompaniýalary Birleşen Ştatlarda geçirilen saýlawlarda prezident Donald Trampyň kampaniýasy bilen hyzmatdaşlykda Orsýetiň saýlawlara täsir ýetirmäge synanyşandygy dogrusyndaky aýyplamalaryň esasynda Birleşen Ştatlaryň Kongresinde we Adalat departamentinde alnyp barylýan derňewleriň fonunda basyşlara sezewar bolýarlar. Bu aýyplamalary Krem-de, Tramp-da ret edýär.

Twitter özüniň blog görnüşinde çap eden maglumatynda reklamalary satyn alýan adamlaryň şahsyýetleriniň, olaryň mahabatlary haýsy demografik toparlara gönükdirýändigi barasyndaky maglumatlaryň we jemi näçe töleg tölenendigini görkezýän sanlaryň ulanyjylara aýan ediljekdigini habar berdi.

Twitter täze üýtgeşmeleriň ilkinjilik bilen Birleşen Ştatlarda soňlugy bilen bütin dünýäde güýje giriziljekdigini aýtdy.

Mundan ozal, Silikon jülgesindäki firmalar telewizion kanallarda we radio stansiýalarda efire berilýän syýasy mahabatlardaky aç-açanlyk boýunça Birleşen Ştatlarda hereket edýän kanunçylykdan azatdylar.

24-nji oktýabrda Amerikaly senator Emi Klobuçar Twitteriň göz öňünde tutýan aýan edişliginiň syýasy kampaniýalarda ýoň bolup barýan sosial media mahabatçylygy boýunça mümkinçilikleri düzgünleşdirýän kanunçylygyň “täzeden seljerilmeginiň ornuny tutmaýandygyny” aýtdy.

Demokrat Klobuçar Birleşen Ştatlaryň Kongresinde şeýle aýan edişlige hökmanylyk girizýän kanunçylyga hemaýat edýär.

Agzalýan kanunçylygyň beýleki bir hemaýatçylaryndan senator Mark Warner Twitteriň göz öňünde tutýan üýtgeşmesi “ilkinji oňyn ädim” diýip, öz Twitter hasabynda ýazdy.

Twitter gelejekde ýaýlyma goýberiljek islendik saýlaw bilen bagly mahabatlara “syýasy hasap hemaýat edýär” diýen belligi goşjakdygyny mälim etdi.

Aýdyňlaşdyrmak maksady bilen, mundan beýläk eger-de siz saýlaw bilen bagly reklamany göreniňizde, biz mahabatçylardan özleriniň kampaniýalaryny äşgär etmeklerini talap ederis diýip, Twitteriň baş menejeri Brýus Falk (Bruce Falck) özüniň blog makalasynda ýazdy.

Şeýle-de Twitter syýasy guramalaryň saýlaw mahabatlaryny belli saýlawçy toparlara gönükdirmegini çäklendirjekdigini we öz düzgünlerini bozýan saýlaw mahabatçylaryny berk jezalandyrjak jerimeleri girizjekdigini aýtdy.

Kompaniýa häzirki wagtda Twitterde ýaýlyma goýberilen ähli mahabatlary adamlar görer ýaly tilsimler bilen hem üpjün etjekdigini mälim etdi.

Twitterdäki soňky üýtgeşmeler käbir kanunçykaryjylaryň geçen ýyl Birleşen Ştatlarda geçirilen saýlawlara täsir etmekde aýyplanýan galp hasaplar boýunça soraglaryna jogap tapmaz. Facebook-dan tapawutlylykda Twitter ulanyjylaryň anonim hasap açmaklaryna, awtomatik hasaplara we botlara rugsat berýär.

Birleşen Ştatlaryň Wekiller öýüniň binýadyndaky Aňtaw komitetiniň ýokary derejeli demokrat wekili Adam Şif (Adam Schiff) Twitteriň ýygjamlaşdyrýan aç-açanlyk çäreleriniň “ýasama ýa-da toslama mazmunlaryň gerimini giňeldýän botlaryň ýaýbaňlandyrylmagyna, ýa-da onlaýn trollaryň agyz alardyjy maglumatlary üstünlikli ýaýmaklaryna çäre bolmajakdygyny” aýtdy.

Feýsbugyň, Twiteriň we Gugluň (Facebook, Twitter we Google) başlyklary öňümizdäki hepde geçen ýyl geçirilen saýlawlarda öz platformalaryny Orsýetiň ulanyşy barada maglumat bermek üçin Birleşen Ştatlaryň Senatynyň we Wekiller öýüniň binýadyndaky aňtaw komitetleriniň huzurynda çykyş ederler.

XS
SM
MD
LG