Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HORMATLY ARKADAG: 'Parahatmy' ýa TOPH?


Çepden saga: Pakistanyň prezidenti, Hindistanyň premýer-ministri, Türkmenistanyň we Owganystanyň prezidentleri, TOPH proýekti boýunça ylalaşyga gol çekiliş dabarasynda, 11-nji dekabr, 2010.
Çepden saga: Pakistanyň prezidenti, Hindistanyň premýer-ministri, Türkmenistanyň we Owganystanyň prezidentleri, TOPH proýekti boýunça ylalaşyga gol çekiliş dabarasynda, 11-nji dekabr, 2010.

Parahatmy ýa TOPH?

Turkmenistan öz gazet sahypalaryndan özüniň Hindistan bilen arasynyň gowudygyny we mundan beýläk hem gowulanjakdygyny, Eýran bilen Orsyediň Hindistana gaz geçirji çekmek boýunça ylalaşandygyny halkara jemgyýetçiligne mälim etmeginiň yz ýanyndan bellemegi Aşgabadyň TOPH boýunça emellerini taşlamak niýetinde däldigini görkezýär.

Türkmenistanyň ‘Altyn Asyr’ eketron gazedi 2-nji Noýabrda Hindistanyň Prezidenti Ran Nath Kowindiň ‘türkmen-hindi gatnaşyklarynyň giňeljegine ynam bildirdi’ diýip ýazdy (http://www.turkmenistan.gov.tm/?id=14967).

Türkmenistanda adatça bolşy ýaly şeýle sözbaşlar döwlet ýolbaşçylarynyň duşuşygyndan soň edilýän beýanatlar barada ýazmak üçin goýulýar. Bu gezekki üýtegeşiklik bolsa, beýanatdaky bellenen pikirler däl-de, şol bir habaryň ertesi gün, ýagny Noýabryň 3-ine Neýtralniý Türkmenistan gazedinde Hindistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen bagly gutlagy hökmünde çap edilmesi bolup durýa.

Göräýmäge biri gutlag beýlekisi bolsa habar, ýöne içinde ýazylan zatlar şol bir zat.

Bu ähmiýetsiz ýaly görünýän wakanyň ýene bir geň tarapy, ol hem Neýtralniý Türkmenistan gazedinde çap edilen iki gutlagyň diňe biri (beýleki gutlag Malaziýanyň Premýer-ministriniň adynda ýazylypdyr) elektron gazetde çap edildi. Gutlaglaryň hiçisi dostlugy we hyzmatdaşlygy ündemekde biri-birinden kem bolmasa-da, diňe Hindistanyň Prezidentiniň gutlagy iki taraplaýyn gatnaşyklaryň berkejekdigine ynamyny beýan etdi. Gutlagdygyny bilmeýän okyjy üçin, habary okanyňda adaty bolşy ýaly iki Prezidentler duşuşypdyrlar ýa-da telefon arkaly gepleşik geçiripdirler diýen pikir peýada bolýar.

Ünsi çekýän aýratynlyk bolsa, bu gutlag habaryň Türkmenistanyň içinde we daşyndaky belli bir auditoriýa niýetlenip ýazylandygyny duýsa bolýar.

Şu gutlagyň fonunda, Türkmen-Hindi gatnaşyklarynyň şu wagtky ýagdaýyna seredeliň.

Orsýediň habar serişdeleri birnäçe gün mundan ozal, 1 Noyabrda ýurduň energetika Ministri Aleksandr Nowagyň sözlerine salgylanyp Orsýet bilen Eýran ikitaraplaýyn düşnüşmeklik barasyndaky Memoranduma gol çekmegi meýilleşdirýändiklerini aýytdy. Halkara gatnaşyklarynda deklaratiw häsiýete eýe bolýan şu Memorandumda Eýran bilen Orsýet, Eýrandan Hindistana çenli gurulmagy meýilleşdirilýän tebigy gaz geçirjini bilelikde gurmaga we Eýrandaky gaz känlerini hem bilelikde özleşdirmek barada ylalaşýarlar. Nowagyň sözlerine görä, bu gaz geçirjiniň gurluşygynda Hindistanly we Päkistanly kompaniýalaryň gatnaşarlar.

Türkmenistanyň perspektiwasyndan seredilende, ady agzalýan gaz gecirji Türkmenistanyň 2015-nji ýylda başlan TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan) tebigy gaz geçirji proýektine alternatiwa bolup bilermi, eger bolaýsa-da onda Türkmenistan öz gazyny Hytaýdan başga nirä satyp biler diýen sorag ýüze çykýar.

Eýran –Hindistan arasynda Parahat diýip atlandyrlan tebigy gaz geçirji proýektiniň ilkinji gepleşikleri 90-njy ýyllarda Eýran bilen Päkistanyň arasynda başlapdy we 1995-nji ýýylda bu iki ýurt çarçuwaly ylalaşyga gol çekipdiler. 1999-njy ýylda bolsa bu ylalaşyga Hindistan hem goşuldy. Emma ABŞ tarapyndan Eýrana garşy girizlen sanksiýalar sebäpli Hindistan bu ylalaşykdan çykypdy we TOPH-a goşulypdy. Häzirki wagta çenli Parahat gaz geçirjisi durmuşa geçmändi, ýöne Eýranyň Milli gaz korporasiýasy ýaňy ýakynda ady agzalýan gaz geçirjiniň öz içinden geçýän Damgan-Neka bölegini 250 milýon ABŞ dollary harajady bilen tamamlandygyny mälim etdi. Emma Parahat proýektiniň öňünde esasy kynçylyklaryň biri Hindistan bilen Päkistanyň arasyndaky çözülmeýän syýasy meseleler bolup durýar. Şol sebäpli Parahat proýektini durmuşa geçirmezden ozal gatnaşyjy ýurtlar diňe öz arasynda däl, eýsem hem Hindistanyň hem-de Pakistanyň adaty ýarany bolan ABŞ bilen meseleleri ylalaşmaly bolarlar. Dünýädäki häzirki syýasy ýagdaýlar gözöňünde tutylanda, bu proýekte Orsýediň goşulmagy Eýranyň ylalaşyk ukybyny güýçlendirýär diýsek bolar. Şol bir wagtyň özünde-de elbetde Orsýet Eýrana türkmen tebigy gazyny satyn almagy mümkin boldygyça azaltmagy we onuň ýerine öz gazyny Hindistana amatly şertlerde satyp bilse orta gündogarda tebigy gaz satyjy ýurtlaryň arasynda sünni bolan Katar döwletine

bäsdeş bolup biljegini şeýle hem Eýranyň arkasy bilen özüniň tebigy gaz we syýasy täsirini orta gündogar bilen Hindistana ýetirip biljek. Beýleki tarapdan bolsa Orsýediň Gara deňziniň astyndan geçirljek Türk akymy gaz geçirjisi bilen Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa satyljak tebigy gazyň belli bir mukdaryny hökmany suratda türkmen gazy bilen doldurjakdygyny Türkiýä söz berdi diyip Türkiýeli işewürler belleýärler. 3-nji Noýabrda bolsa, Orsýet Türk akymy gaz çeçirjisiniň deňiz astyndaky öz bölegininiň gurluşygyny tamamlandygyny mälim etdi.

Agzalýan ýagdaýlara içgin seredilse, türkmen tebigy gazynyň dünýä çykmagynda Orsýediň roly örän ähmiýetli bolup dur. Orsýet bilen Türkmenistanyň arasynda satyn alynan tebigy gazyň bahasy we mukdary boýunça 2014 –nji ýylda başlap 2016-njy ýylda Gazpromyň türkmen gazyndan doly ýüz öwürmegime eltdi. Muňa derek Gazprom Özbegistandan satyn alýan gazynyň mukdaryny köpeltdi, sebabi Gazpromyň türkmen gazyndan ýüz öwrüp özbek tebigy gazyny almaga başlamagy ykdysady mesele bolman, syýasy meseledigini yüze çykardy.

Şu ýüze çykan ýagdaýdan bolsa Eýran peýdalandy. Ilki bilen Türkmenistandan satyn alan tebigy gazynyň bahasyny peseltmegi talap etdi, soňra bolsa Türkmengazy halkara arbitraja berjek diýip haýbat atdy. Bu zatlaryň sebäbi bolsa, Türkmenistanyň ykdysady başarnygynyň özeni türkmen tebigy gazynyň ekspordyna baglygydyr. Eýran bilen geçirlen gepleşiklerde, gepleşikleri geçirýänleriň diplomatik ukyby uly rol oýnaýar, sebäbi Eýran şu yagdaýda özüniň diňe araçy rol oýnayandygyny bilyan bolsa gerek. Türkmenistandan öň hem özüne gerek bähbitleri aňsatlyk bilen alyp ýören Eýran, gaz meselesini hem öz bähbidine ulanmagy başardy.

Türkmenistan Parahat tebigy gaz geçirjisi TOPHA alternatiwa bolup bilermi we bu iki proýektiň haýsynyň bellenen wagtda durmuşa geçmeginiň näderejede realistik boljagyna jogap gözlemeli.

Redaksiýadan: Okyjylaryň hatlary bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

XS
SM
MD
LG