Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda organ işgärleriniň ulagy hökman ak bolmaly diýilýär


Ak reňkli ulag. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanda ýörgünli bolan ak reňk kulty ýurtda diňe bir jaýlaryň, ymaratlaryň we çärelere gatnaşýanlaryň eginbaşlaryna täsir ýetirmeýär. Döwlet derejesinde ykrar edilmese-de, käbir medeniýet işgärleri ak reňkiň ýurtda syýasy ideologik propagandanyň bir nyşanyna öwrülip barýandygyny aýdýarlar. Indi bolsa türkmen resmileriniň ak reňk baradaky talabynyň hut organ işgärleriniň münýän hususy awtoulaglaryna hem gönümel täsir edýändigi habar berilýär we Azatlyk Radiosyna hem mundan nägile bolýan organ işgärlerinden köpsanly maglumat gelip gowuşýar.

Adynyň anonim galmagy bilen Azatlyk Radiosyna sosial mediadan ýazan bir raýatyň aýtmagyna görä, soňky wagtlarda esasanam ähli welaýatlarda organ işgärlerinden öz şahsy ulaglaryny ak reňkli ulaglar bilen çalyşmak barasynda berk duýduryşlar edilýär we hatda ak bolmaýan hususy ulaglaryna münüp, işleýän ýerine barmazlyk talap edilýär.

"Welaýatlaryň içeri işler edaralarynda 4 aý mundan owal ýörite ýygnak geçirilip, "welaýatdaky organ işgärleriniň ählisiniň hususy ulaglarynyň reňki ak bolmaly, ýokardan şeýle karar bar" diýlipdir. Ondan soň 3 aýyň dowamynda öz hususy ulagyny aga öwürmeýän organ işgärlerine berk käýinç berlipdir. Edil häzirki wagtda organ işgärleriniň reňki ak bolmaýan hususy ulagy bilen işe barmagy gadagan" diýip, ol Azatlyk Radiosyna aýdýar.

Daşoguz welaýatyndan bir raýatyň sözüne görä, ak reňkli bolmaýan hususy ulagyny tehniki barlagdan geçirmek üçin baranda, ol ýerdäki bir organ işgäri ony derrew şol ýerdäki ýolbaşçynyň ýanyna eltipdir. Ýolbaşçy oňa gysga wagtyň içinde hususy ulagyny aga öwürmek barasynda dilhaty ýazdyryp, berk käýinç berip, awtoulagyny hem tehniki barlagdan geçirmän goýberipdirler.

"Hususy ulagyňa ak reňk urdursaň, satjak mahalyň ony "ýol heläkçiligine uçran bolmaly" diýip, satyn almak islemeýärler. Onsoňam ýurdumyzda awtoulagy ýokary hilli boýap bilýän ýerem ýok. Şeýle ak reňk kulty sebäpli ak reňkli ulaglaryň bahalary hem bireýýäm galyp gitdi. Ak reňkli köneje ulagyň bahasam ak reňkli bolany üçin, ýokary bahadan satylýar. Häzir ak reňkli ulagy bolmaýan organ işgärleri şeýle karar sebäpli gaty çykgynsyz ýagdaýda we mundan juda nägile. Hut özüm ýaly hususy ulagy ak reňkli bolmaýan organ işgärleri häzir jemgyýetçilik transporty bilen işe gatnamaly bolýarlar, ýagny olaryň ak bolmaýan hususy ulag bilen işe barmagy gadagan. Men kyn ýagdaýdaky kärdeşlerimiň adyndan Azatlyk Radiosynyň üsti bilen ýokardaky ýolbaşçylardan kömek soraýaryn. Ak reňkli hususy ulagy bolmaýan organ işgärlerine beýdip azar bermesinler" diýip, ol Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda aýtdy.

Welaýatlardaky organ işgärleriniň hökmany suratda ak reňkli ulaga münmegi barasynda içeri işler welaýat dolanşyklarynyň girizen şeýle täze düzgüniniň häzirki wagtda ýol alýandygyny Azatlyk Radiosynyň Lebap, Mary we Ahal welaýatlaryndaky ýerli çeşmeleri hem tassyklaýarlar.

Gepiň gerdişine görä bellesek, Türkmenistanda ak reňke aşa köp üns bermekligiň ýa-da bu reňki kultlaşdyrmak ideýasynyň kime degişlidigi heniz belli däl. Ýöne käbir synçylar ak reňki Türkmenistanyň prezidentiniň endigi bilen baglanyşdyrýarlar.

Şeýle-de, Türkmenistanda 2015-nji ýylyň 13-nji ýanwaryndan bäri ýurduň içine serhetden goýy ýa-da garamtyl reňkli awtoulaglar geçirilmeýär we getirmek isleýänlere hem olaryň reňkini ak reňke öwürip getirmegi maslahat berilýär.

Sözi jemläp aýtsak, Türkmenistanda welaýatlardaky organ işgärlerinden hususy ulaglarynyň ak reňkli bolmagy barasynda durmuşa geçirilýän karar bilen baglanşykly degişli resmilerden nähilidir bir kommentariýa almak, Azatlyk Radiosyna başartmaýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG